HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Daşkentde geçirilen “Blue Peace Central Asia” okuw maslahatyna gatnaşdy

Mart 29, 2025 | 10:40 |4298
28-nji martda Özbegistanyň Daşkent şäherinde Şweýsariýanyň Ilçihanasy tarapyndan Halkara Suw Dolandyryş Instituty (IWMI), Tebigaty Goramak Halkara Birleşigi (IUCN) we Merkezi Aziýanyň Sebit Ekologiýa Merkezi (CAREC) bilen bilelikde guramagynda “Blue Peace Central Asia” (BPCA) okuw maslahaty geçirildi28-nji martda Özbegistanyň Daşkent şäherinde Şweýsariýanyň Ilçihanasy tarapyndan Halkara Suw Dolandyryş Instituty (IWMI), Tebigaty Goramak Halkara Birleşigi (IUCN) we Merkezi Aziýanyň Sebit Ekologiýa Merkezi (CAREC) bilen bilelikde guramagynda “Blue Peace Central Asia” (BPCA) okuw maslahaty geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

28-nji martda Özbegistanyň Daşkent şäherinde Şweýsariýanyň Ilçihanasy tarapyndan Halkara Suw Dolandyryş Instituty (IWMI), Tebigaty Goramak Halkara Birleşigi (IUCN) we Merkezi Aziýanyň Sebit Ekologiýa Merkezi (CAREC) bilen bilelikde guramagynda “Blue Peace Central Asia” (BPCA) okuw maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Okuw maslahatyna Merkezi Aziýa döwletleri bilen bir hatarda ýurdumyzdan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Ýer serişdeleri gullugynyň wekilleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymlary hem-de CAREC-iň Türkmenistandaky taslama ofisiniň direktory gatnaşdylar.

1

Maslahatyň dowamynda suw dolandyryşy bilen bagly meseleler, ekologiýa taýdan durnukly ösüş we sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda türkmen wekilleri ýurdumyzyň suw dolandyryş strategiýalary, suw diplomatiýasy we ekologiýa taýdan durnukly ösüş ugurlary bilen baglanyşykly pikir alyşdylar. Şeýle hem suw serişdeleriniň dolandyrylmagynda ylmy-barlag institutlarynyň we döwlet edaralarynyň gatnaşygyny güýçlendirmek meseleleri barada pikir alşyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026