Daşary ýurtly syýahatçylar üçin Hytaýdaky söwda has amatly boldy


Hytaýda söwda etmek has ýakymly bolar. HHR-iň Söwda ministrligi daşary ýurtly syýahatçylaryň alyjylyk işjeňligini höweslendirmek boýunça çäreler barada habar berdi. Sişenbe güni geçirilen metbugat maslahatynda ministrligiň wekili “Hytaýda satyn al” maksatnamasy barada gürrüň berdi.
Ol dýuti-fri dükanlaryň sanynyň köpeldilmegini, şeýle hem ýurduň raýatlary bolmadyk adamlar üçin GNS yzyna gaýtarmak boýunça resmileşdiriş amalynyň aňsatlaşdyrylmagyny öz içine alýar.
Ekologiýa, akylly we lukmançylyk önümleriň satyn alyjylaryna promo-aksiýalar garaşýar. Söwda ministrliginde treýd-in subsidirleme döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi barada hasabat berdiler. Şu ýyl onuň maliýeleşdirilmegi iki esse köpeldildi: 40 mlrd dollara çenli. Onuň çäklerindäki köne awtoulaglary çalyşmak baradaky haýyşnamalaryň sany şu ýylyň başyndan 1,5 mln-dan geçdi.
Hytaýyň satyn alyjylary 2 mln 200 elektrowelosipedleri, 28 mln birligi öý tehnikasyny we 56 mln-dan gowrak ykjam sanly enjamlary täzelediler. Munuň ählisi bölekleýin satuwlara oňaýly täsir etdi. Ýanwar-fewral aýlarynda olar geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4 % artdy. Ministrlikde maksatnamanyň netijeleliginiň ýokarlandyryljakdygy barada aýdýarlar.
HHR-iň Söwda ministrliginiň Bazar meseleleri we alyjylygy höweslendirmek boýunça müdirligiň başlygy Li Gan: “Biz Subsidirleme maksatnamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün ederis, monitoringi we raýatlar üçin amatlyklary gowulandyrmagy güýçlendireris, gaýtadan işlemek zynjyrlaryny ösdüreris, şeýle hem “hakyky pullaryň” has çalt we amatly ýagdaýda satyn alyjylara ýeterler ýaly maglumat işini işjeňleşdireris”.








