HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şymkent şäheri syýahatçylar üçin täze ulgamy girizýär

Mart 27, 2025 | 09:40 |3064
Gazagystanyň uly şäherleriniň biri bolan Şymkent daşary ýurtly syýahatçylar üçin CityPass atly täze ulgamy girizýär.Gazagystanyň uly şäherleriniň biri bolan Şymkent daşary ýurtly syýahatçylar üçin CityPass atly täze ulgamy girizýär.
Çeşme: gurk.kz

Gazagystanyň uly şäherleriniň biri bolan Şymkent daşary ýurtly syýahatçylar üçin CityPass atly täze ulgamy girizýär.

Bu innowasion taslama syýahatçylyk akymyny ýokarlandyrmaga hem-de şäheriň myhmanlaryna hödürleýän hyzmatlaryny gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şeýlelik bilen, Şymkentiň syýahatçylyk infrastrukturasy täze ýokary hil derejesine çykarylar diýip, şäher häkimliginiň metbugat gullugy habar berýär.

CityPass kartlaryň eýeleri şäheriň medeni we taryhy ýädygärliklerine, muzeýlerine, seýilgählerine we häzirki zaman dynç-alyş merkezlerine ýeňillikli nyrhlar boýunça baryp bilerler.

CityPass kartlaryny onlaýn-platforma arkaly ýa-da ýörite satuw nokatlarynda alyp bolar. Maksatnamanyň çäklerinde kart eýeleri üçin arzanlaşyklar we ýörite teklipler göz öňünde tutulandygyny bellemek zerur.

Ulgamyň işlenip başlanmagy öňdäki syýahatçylyk möwsümine meýilleşdirildi. Şu wagtdan ol eýýäm hem syýahatçylyk operatorlarynda hem-de özbaşdak syýahatçylarda gyzyklanma döretdi. Taslama Gazagystanyň CROCOS IT-kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026