Russiýanyň DIM-niň Diplomatik akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanan maslahat geçiriler


2025-nji ýylyň 28-nji martynda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçiriler. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň başlangyjyndaky degişli Kararnama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edildi.
Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy tarapyndan guraljak çäre bilermenleriň, diplomatlaryň, alymlaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleriniň dialogy üçin meýdança öwrüler. Olar halkara hyzmatdaşlygyň ýollaryny berkitmek, ynsanperwer başlangyçlary we halklaryň arasyndaky ynamy pugtalandyrmakda medianyň orny barada malsahatlaşarlar.
Maslahatyň başlanýan wagty: 11:00.
Ähli soraglar boýunça e.davydova@dipacademy.ru elektron salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.
ORIENT news








