HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen syýahatçylary üçin Nusa-Penida adasyna täze ugur açyldy

Mart 27, 2025 | 10:00 |4911
“Lebap Travel” syýahatçylyk kompaniýasy Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin “Nusa-Penida adasynyň hazynasy” täze gyzykly ugry hödürleýär“Lebap Travel” syýahatçylyk kompaniýasy Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin “Nusa-Penida adasynyň hazynasy” täze gyzykly ugry hödürleýär
Çeşme: depositphotos

“Lebap Travel” syýahatçylyk kompaniýasy Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin “Nusa-Penida adasynyň hazynasy” täze gyzykly ugry hödürleýär. Syýahatçylyk maksatnamasy Indoneziýanyň iň owadan we öň barylmadyk künjegi bolan Nusa-Penida adasyna baryp görmegi öz içine alýar.

Ugur Kuala-Lumpurda başlap, ol ýerden syýahatçylar meşhur Bali adasyna ugrarlar. Onuň tebigy gözellikleri bilen tanyş bolanlaryndan soň, syýahatçylara ýokary tizlikli katerde Nusa-Penida adasyna çenli ýol garaşýar. Bu ada özüniň ýuwaş kenarýakalarynyň we gaýaly manzaralarynyň netijesinde “hakyky jennet” diýlip atlandyrylýar. 1 Maksatnama snorkling-syýahaty öz içine alyp, onda köplenç adanyň kenarlaryna mekan tutunýan deňiz ägirtleri bolan mantlary (Manta Birostris) görüp bolýar. 2 Şeýle hem, meşhur tebigy ýadygärliklerine baryp görmek göz öňünde tutulan: Karang Dawa meýdançasy, Broken Biç aýlagy we özüniň manzaraly gaýalary bilen Nusa-Penida adasynyň ýüzüne öwrülen Kelingking kenary. 3 Baý ekskursiýa maksatnamasyndan daşary syýahatçylar kenarda dynç alyp bilerler hem-de ýerli sazandalaryň agşamky konsertlerini diňläp bilerler.

“Lebap Travel”-da habar berilşi ýaly, ugur 8 gündizden we 7 gijeden ybarat bolup, syýahatçlyk 4 ýyldyzly myhmanhanada ýaşamagy, maksatnama boýunça gezelençleri, maksatnama boýunça transferleri we Bali-Nusa-Penida-Bali katerine biletleri öz içine alýar.

Maksatnamanyň doly görnüşi we syýahatçylyk nyrhlary bilen “Lebap Travel” syýahatçylyk agentliginiň edarasynda tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

(+99363) 17-55-57

Sosial ulgamlar:

Tik-tok - @le._travel.tm

Instagram - @le.travel.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026