Aşgabatda suratkeş Orazgylyç Öwezowyň şahsy sergisi açyldy


suratkeş Orazgylyç Öwezowyň 65 ýaş ýubileýi mynasybetli şahsy sergisi 2025-nji ýylyň mart aýynyň 26-na Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş Orazgylyç Öwezowyň 65 ýaş ýubileýi mynasybetli şahsy sergisi açyldy.

Suratkeşiň döredijiligine bagyşlanan sergi köp adamly bolup, olaryň agramly bölegini talyplar, ýaş suratkeşler düzdi.

Sergide suratkeşiň dürli žanrlarda döreden 150-den gowrak nakgaşlyk we grafika eserleri hödürlenipdir.

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Orazgylyç Öwezowyň eserleri köpöwüşgünliligi we ajaýyplygy bilen gatnaşyjylaryň ünsüni ösüne çekdi.

Sergini synlamaga gelenler ussat suratkeşi 65 ýaşy bilen gutladylar we oňa uzak ömür we döredijilik äleminde üstünlikleri arzuw etdiler.

Sergi öz işini bir aý dowam eder.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Asudalyk köçesi, 33 jaý.


ORIENT








