HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda ýaş nesilleriň saglygy, olaryň çeper döredijilige bolan ukyplaryny açyp görkezmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

Mart 26, 2025 | 10:00 |4773
25-nji martda paýtagtymyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy25-nji martda paýtagtymyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy
Çeşme: tdh.gov.tm

25-nji martda paýtagtymyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy. Onda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, olaryň çeper döredijilige bolan ukyplaryny açyp görkezmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahatyň guramaçylyk derejesi we ony geçirmegiň ähmiýeti barada giňişleýin pikir alşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, bu düzümiň howandarlyk etmeginde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” atly bäsleşigi yglan etmegiň meselelerine garaldy. Çagalaryň arasynda guralmagy meýilleşdirilýän döredijilik bäsleşigine 4 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalaryň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Bäsleşik mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda terbiýelenilýän körpeleriň hem-de umumybilim berýän orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň arasynda üç ugur boýunça geçiriler. Şunda surat çekmek, amaly-haşam sungaty, aýdym-saz we tans sungaty, türkmen milli oýunlary ýaly ugurlar kesgitlenildi.

Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen ýyllaryň dowamynda ýerine ýetiren işlerine, kabul eden ynsanperwer çözgütlerine aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler giňden beýan edilmelidir.

Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna, dört ýyla golaý döwrüň dowamynda 500-den gowrak näsag çaganyň saglygynyň dikeldilendigini, onuň ýardam bermeginde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän çagalar hassahanalaryna dünýäniň iň kämil saglygy goraýyş enjamlarynyň oturdylandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň metbugat neşirleriniň, teleradioýaýlymlarynyň tutuş adamzat ähmiýetli işleri wagyz etmekde täzeçil usullardan netijeli peýdalanmaklaryna uly üns berildi.

Haýyr-sahawat gaznasy ösüp gelýän ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny açmak ugrunda zerur tagallalary edýär. Şoňa görä, gaznanyň wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekde wajyp ähmiýeti bolan bäsleşigiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine, gaznanyň ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän asylly işleriniň metbugat neşirlerinde, teleradioýaýlymlarda giňden wagyz edilmegini guramaga jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Duşuşykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň işini ösdürmek we onuň degişli düzümler bilen bilelikdäki tagallalaryny işjeňleşdirmek meselelerine-de seredildi.

Aýratyn-da, ýerli saglygy goraýyş edaralarynyň enjamlaşdyrylyşyna degişli maglumatlar, ýurdumyzda bolşy ýaly, halkara media giňişliginde-de giňden beýan edilmelidir. Şunda maglumatlaryň taýýarlanylmagyna häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda täzeçil usulda çemeleşilmelidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026