HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ORIENT Hytaýyň “Xinhua” habar agentligi bilen maglumat hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

Mart 26, 2025 | 00:06 |8111
Türkmenistanyň öňdebaryjy habarlar portaly bolan “ORIENT” web sahypasynyň ýolbaşçylary, Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň çäginde Hytaýyň Sinhua döwlet habarlar gullugynyň wekilleri bilen duşuşdyTürkmenistanyň öňdebaryjy habarlar portaly bolan “ORIENT” web sahypasynyň ýolbaşçylary, Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň çäginde Hytaýyň Sinhua döwlet habarlar gullugynyň wekilleri bilen duşuşdy
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň öňdebaryjy habarlar portaly bolan “ORIENT” web sahypasynyň ýolbaşçylary, Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň çäginde Hytaýyň Sinhua döwlet habarlar gullugynyň wekilleri bilen duşuşdy. Wekiliýete Sinhuanyň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň direktory Çžao Ýun ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyga “ORIENT” tarapyndan “Media Türkmen” habarlar agentliginiň baş direktory we onuň düzümindäki “ORIENT” web sahypasynyň baş redaktory Bekdurdy Amansaryýew gatnaşdy.

Sinhua habar agentliginiň Türkmenistanyň öňdebaryjy media-guramalary bilen geçiren gepleşikleriniň çäginde bolup geçen duşuşyklarynyň dowamynda maglumat pudagynda mümkin bolan hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar habar mazmunyny alyşmak, sanly metbugat pudagyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem Türkmenistanda, Hytaýda we Merkezi Aziýa sebitinde bolup geçen möhüm wakalary bilelikde beýan etmegiň mümkinçilikleri barada durup geçdiler.

25032025-orient-xinhua (2).jpg

Sinhua dünýädäki iň uly we iň täsirli habarlar agentliklerinden biridir. “ORIENT” opertiw we ygtybarly habarlar berip, Türkmenistanyň media-giňişliginde möhüm orny eýeleýär. Bu media-guramalarynyň ýolbaşçylyklarynyň arasyndaky duşuşyk, maglumat pudagynda halkara gatnaşyklaryny berkitmek baradaky özara gyzyklanmany nygtaýar we sebitdäki wakalary has giňişleýin we obýektiw beýan etmek üçin mümkinçilikler açýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026