HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Mähriban” filmiň premýerasy: ýagşylyk we adamkärçilik baradaky täsirli hekaýa

Mart 26, 2025 | 17:30 |5893
Film iň gysga möhletde, ýagny 28 günüň dowamynda düşürildiFilm iň gysga möhletde, ýagny 28 günüň dowamynda düşürildi
Çeşme: orient.tm

Düýn “Arkaç” söwda we dynç-alyş merkezinde “Mähriban” filmiň premýerasy boldy. Film “Naýbaşy toý hyzmatlary” tarapyndan guralan “Şan” dabaraly çäräniň çäklerinde görkezildi.

Film iň gysga möhletde, ýagny 28 günüň dowamynda düşürildi. Filmiň režissýory Gülälek Hezretgulyýewa bolup, ol şeýle gysga wagtyň içinde ekranda mähirli we duýgy taýdan baý hekaýany beýan etmegi başardy. Ýörite film üçin awtorlyk aýdymlar ýazylyp, olar eseriň mähirli gurşawyny we çuň manylygyny açyp görkezýär. “Mähriban” bu ýagşylyk we adamyň içki güýji baradaky hekaýadyr. Eseriň esasynda daş-töweregiňdäki adamlara bolan tüýs ýürekden rehim etmek we mylaýymlylygy görkezmek ýaly häsiýetler ýatyr. Film oýlanmaga mejbur edýän dramatiki pursatlary we şatlykly jemleýji sahnalary öz içine alýar. Ol tomaşaçylara ýagşylygyň hemişe gaýdyp gelýändigi hem-de bu dünýäni has gowy edýändigi barada ýatlatýar. Filmiň esasy pikiri adamlary has mähirli we hoşniýetli bolmaga ruhlandyrmakdan, hem-de ýönekeý, emma şeýle möhüm adam gymmatlyklary barada ýatlatmakdan ybarat. Filimiň premýerasy tomaşaçylaryň mähirli seslenmelerine eýe boldy. Olar diňe bir eseriň mazmuny we gahrymanlaryň ýerine ýetirilişi barada däl-de, emma filimiň täsirini beýan edip bilýän aýdym-sazlaryň ýerine ýetirilişi barada bellediler. “Mähriban” filmi ýurdumyzyň kino sungatynyň gowy görülýän eserleriniň arasynda öz mynasyp ornuny tapar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pixel 11 modelinde Camera Looks atly täze aýratynlyk peýda boldy: "smartfon" işlemesiz tebigy surat

Pixel 11 modelinde Camera Looks atly täze aýratynlyk peýda boldy: "smartfon" işlemesiz tebigy surat

18:37 Awgust 18, 2026
Daşkentde yslam siwilizasiýasy barada halkara media forumy geçiriler

Daşkentde yslam siwilizasiýasy barada halkara media forumy geçiriler

18:31 Awgust 18, 2026
Dokma, energetika we jut — Türkmenistan bilen Bangladeş hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlaýar

Dokma, energetika we jut — Türkmenistan bilen Bangladeş hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlaýar

23:27 Awgust 17, 2026