HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi

Mart 26, 2025 | 13:30 |4260
Giriş synaglary 2025-nji ýylyň 26 — 30-njy iýuny aralygynda geçirilýärGiriş synaglary 2025-nji ýylyň 26 — 30-njy iýuny aralygynda geçirilýär
Çeşme: orient.tm

Kliniki ordinatura Türkmenistanyň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdebiniň uçurymy okuwyny tamamlan ýylynda, şeýle-de ýokary lukmançylyk hünär bilimi (şol sanda daşary ýurt döwletleriniň bilim hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar edilen) hem-de 3 ýyl iş döwri bolan lukman giriş synagynyň netijeleri we bäsleşik esasynda kabul edilýär. Kliniki ordinatura girmek üçin resminamalar 2025-nji ýylyň 1 — 30-njy apreli aralygynda kabul edilýär.

Giriş synaglary 2025-nji ýylyň 26 — 30-njy iýuny aralygynda geçirilýär. Giriş synagyndan üstünlikli geçen dalaşgärleriň sany kliniki ordinatura kabul ediljek kliniki ordinatorlaryň tassyklanan sanyndan artyk bolan ýagdaýynda, bäsleşik yglan edilýär.

Bäsleşikde uçurymlar we lukmanlar okan ýa-da işlän döwründe tapawutlanan, ylmy we döredijilik bäsleşikleriniň we (ýa-da) halkara olimpiadalaryň ýe­ňijileri, baýrakly orunlaryň eýeleri artykmaç hukukdan peýdalanýar. Kliniki ordinatura girmek hakynda kliniki ordinatorlary taýýarlamagy amala aşyrýan lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy-kliniki merkeziniň direktorynyň adyna arza şu resminamalary goşmak bilen berilýär:

— ýokary lukmançylyk bilimi hakynda diplomynyň nusgasy we onuň goşundysy (ýokary lukmançylyk bilimini daşary ýurt döwletlerinde alanlar degişli diplomynyň Türkmenistanda ykrar edilendigini tassyklaýan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamasynyň nusgasyny goşmak bilen);

— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;

— 086/x görnüşli lukmançylyk güwänamasy;

— 3x4 sm ölçegdäki dört sany fotosurat;

— soň­ky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüminden) häsiýetnama;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi. Bulardan başga-da, kliniki ordinatura girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalara seretmek boýunça iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

— raýatyň şahsyýetini tassyklaýan resminama;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

16:35 Iýun 18, 2026
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026