HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda “Bir halypanyň iki şägirdi” atly sergisi açyldy

Mart 26, 2025 | 09:25 |2864
25-nji martda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Bir halypanyň iki şägirdi” atly sergisi açyldy25-nji martda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Bir halypanyň iki şägirdi” atly sergisi açyldy
Çeşme: Guramaçylar tarapyndan berlen

25-nji martda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Bir halypanyň iki şägirdi” atly sergisi açyldy. Sergide halypa mugallym Annageldi Jumaniýazowyň we onuň şägirtleri Merdan Babajanowyň we Merdan Kakabaýewiň nakgaş eserleri görkezildi.

1

Annageldi Jumaniýazowyň portretlerinde, peýzažlarynda we natýurmortlarynda döwrebap çeperçilik akymlarynyň esaslary we milli sungatymyzyň äheňleri şöhlelendirilýär.

3

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Merdan Kakabaýewiň nakgaş eserlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy, türkmen halkynyň medeni mirasy, aýdym-saz sungaty we binagärlik ýadygärlikleri şekillendirilýär.

4

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 90-njy orta mekdebiniň mugallymy Merdan Babajanowyň döredijiliginde asudalyk, parahatçylyk we maşgala abadançylygy wasp edilýär.

5

Sergi türkmen şekillendiriş sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesiniň dowam edip gelýändigini aýdyň görkezýär. Sergi 5-nji aprele çenli dowam eder.

6

2

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026