HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Bali häkimiýeti daşary ýurtly syýahatçylar üçin düzgünleri güýçlendirdi

Mart 25, 2025 | 15:24 |3189
Bali häkimiýeti syýahatçylyk pudagynyñ hilini ýokarlandyrmak we sebitiñ medeni mirasyny gorap saklamak maksady bilen daşary ýurtly syýahatçylar üçin düzgünleri güýçlendirdi. Baliniñ gubernatory Waýan Koster 2025-nji ýylyñ 25-nji martyndan güýje girýän täze düzgünlere gol çekdi.Bali häkimiýeti syýahatçylyk pudagynyñ hilini ýokarlandyrmak we sebitiñ medeni mirasyny gorap saklamak maksady bilen daşary ýurtly syýahatçylar üçin düzgünleri güýçlendirdi. Baliniñ gubernatory Waýan Koster 2025-nji ýylyñ 25-nji martyndan güýje girýän täze düzgünlere gol çekdi.
Çeşme: tengrinews.kz

Bali häkimiýeti syýahatçylyk pudagynyñ hilini ýokarlandyrmak we sebitiñ medeni mirasyny gorap saklamak maksady bilen daşary ýurtly syýahatçylar üçin düzgünleri güýçlendirdi. Baliniñ gubernatory Waýan Koster 2025-nji ýylyñ 25-nji martyndan güýje girýän täze düzgünlere gol çekdi.

Esasy üýtgetmeler syýahatçylaryñ özüni alyp barşyna, olaryñ egin-eşiklerine we ýerli däp-dessurlaryñ berjaý edilmegine degişlidir. Hemme daşary ýurtlylar adanyñ medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat goýmaga borçlanýar, bu, esasan hem, mukaddes ýerlere barylanda asylly egin-eşikleriñ geýilmegini öz içine alýar. Häkimiýet paýyş sözler, rugsatsyz telekeçilik bilen meşgullanmak we daşky gurşawy hapalamak ýaly düzgün bozulmalary üçin berk temmi berýär.

Şeýle hem, syýahatçylar 150 müñ indoneziýa rupisi (takmynan, 9 ABŞ dollary) möçberinde syýahatçylyk ýygymyny töläp, ýadygärliklere baryp görmek üçin ygtyýarlandyrylan ýol belediñ hyzmatlaryndan peýdalanmaly.

Mukaddes Nýepi ümsümlik gününiñ öñüsyrasynda häkimiýet bellenen kadalary has hem berk berjaý etmäge çagyrýar, adanyñ ýaşaýjylary bolsa ýörite telefon belgiler arkaly düzgün bozulmalary barada habar berip bilerler.

Girizilen täzeçilikleriñ maksady syýahatçylyk pudagynyñ hilini ýokarlandyrmakdan we sebitiñ medeni mirasyny gorap saklamakdan ybaratdyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026