HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyñ ilçihanasy Bişkekde bag ekmek dabaralaryna gatnaşdy

Mart 24, 2025 | 16:45 |4692
Çäre Bişkek şäheriniñ "Adinaý" seýilgähinde geçirildi.Çäre Bişkek şäheriniñ "Adinaý" seýilgähinde geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyñ Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berildi

22-nji martda Türkmenistanyñ Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy Gyrgyz Respublikasynyñ Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyñ Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan guralan bag ekmek dabaralaryna gatnaşdy. Çäre Bişkek şäheriniñ "Adinaý" seýilgähinde geçirildi.

Çära Türkmenistanyñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Golliýew, Gyrgyz Respublikasynyñ daşary işler ministri Ž.Kulubaýew, şeýle hem Gyrgyzystanda akkreditlenen diplomatik missiýalaryñ we halkara guramalaryñ wekiliýetleriniñ ýolbaşçylary gatnaşdy. 1 Her ýyl 21-nji martda bellenilýän Halkara tokaýlar güni mynasybetli dabaranyñ çäklerinde dagdan agajynyñ 50 nahaly we dub agajynyñ 50 nahaly oturdyldy. 2 Bag ekmek dabarasy şäheri bagy-bossanlyga büremekde we ekologiýa ýagdaýynyñ gowulandyrylmagynda möhüm goşant boldy. Gatnaşyjylar şeýle başlangyçlaryñ derwaýysdygyny aýdyp, geljekde munuñ ýaly taslamalary goldajakdygyna ynam bildirdiler diýip, Türkmenistanyñ ilçihanasynda bellenilýär. 3

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026