HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary bilen duşuşdy.

Mart 20, 2025 | 20:35 |5587
20-nji martda, penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) Baş sekretary Mohammed Hamel bilen duşuşdy20-nji martda, penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) Baş sekretary Mohammed Hamel bilen duşuşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

20-nji martda, penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) Baş sekretary Mohammed Hamel bilen duşuşdy.

Taraplar ählumumy energetika bazarlaryndaky häzirki ýagdaýy hem-de guramalar bilen ýöriteleşdirilen düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.

Türkmenistanyň GECF-e goşulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatynyň netijeleriniň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňelmegine uly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmen tarapy GECF-iň bilermenleriniň gatnaşmagynda degişli okuw sapaklaryny we seminarlary geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow GECF-iň wekillerini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistan tarapyndan gurnaljak çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026