HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

BAE Merkezi Aziýanyň startaplaryny özüne çekýär

Mart 20, 2025 | 13:44 |3951
Birleşen Arap Emirliklerinde Merkezi Aziýanyň telekeçileri tarapyndan esaslandyrylan 20-den gowrak startaplar hereket edýär.Birleşen Arap Emirliklerinde Merkezi Aziýanyň telekeçileri tarapyndan esaslandyrylan 20-den gowrak startaplar hereket edýär.
Çeşme: advokat-usa.ru

Birleşen Arap Emirliklerinde Merkezi Aziýanyň telekeçileri tarapyndan esaslandyrylan 20-den gowrak startaplar hereket edýär.

Merkezi Aziýanyň startap bazary dünýäniň ünsüni özüne çekip, halkara maýadarlar üçin has uly mümkinçilikleri açyp berýär.

GDA we Merkezi Aziýa sebitinde maliýe tehnologiýasy, wençur maýasy babatda ylmy-barlaglara we geňeşmelere, bazaryň derňewine ýöriteleşdirilen RISE Research kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Merkezi Aziýada wençur maýa goýumlaryň möçberi 96 mln ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy. Bu bolsa 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilenden 7% köpdür.

RISE Research kompaniýasyndan Aýnura Žanturina Gazagystanyň öňdebaryjy orunlarda galmak bilen, Merkezi Aziýada iň işjeň wençur maýa goýumlar bazary bolmagynda galyp, onuň paýyna sebitiň umumy maýa goýum möçberiniň 74% degişlidigini aýtdy. Daşary ýurtly maýa goýumlar BAE-dan, şeýle hem ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Saud Arabystandan, Singapurdan we beýleki ýurtlardan geldi.

Iň täsirli ösüşi Özbegistan görkezdi. Onda maýa goýum möçberleri 2,7 esse ýokarlanyp, 38 geleşik boýunça 17,5 mln dollara ýetdi. Geleşigiň ortaça möçberi 4 esse ýokarlanyp, 460 000 dollara ýetdi.

2022-nji ýyldan bäri Gyrgyzystan 1,7 mln dollara çekip, onuň ýyllyk ösüş depgini 19% düzdi. Gyrgyzystan zenan-telekeçileriň ýokary gatnaşyk derejesi bilen tapawutlanýar.

Goýan maýa goýum sany boýunça Gyrgyzystanyň wençur bazarynyň öňdebaryjylary akseleratlar we hablardyr (50%-den gowrak). Emma maýa goýumlaryň möçberiniň esasy paýy wençur gaznalaryna düşüp (66%), olaryň köpüsi daşary ýurtlarda ýerleşýär. 2024-nji ýylda Täjigistan 4,6 mln ABŞ dollaryny özüne çekip, yslam maliýe tehnologiýalarynda ünsüni jemledi.

Wençur bazarynyň ösmegine IT Park Dushanbe-däki startaplar üçin salgyt ýeňillikleri hem-de 5 mln ABŞ dollary möçberindäki wençur gaznasynyň döredilmegi täsir etdi.

2024-nji ýylda sebite wençur maýa goýumlary çekýän möhüm pudaklaryň arasynda emeli aň, maliýe tehnologiýalary, bilim we lukmançylyk tehnologiýalary öňde dur.

Derňewçiler ýakyn ýyllarda Merkezi Aziýanyň wençur bazarynyň mundan beýläk-de ösmegini çaklap, onuň ýokary mümkinçiliklerini we dünýäniň ekoulgamyna akgynly goşulyşmagy barada belleýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026