HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwrenýän ýaşlaryň bilim derejeleri barlandy

Mart 20, 2025 | 18:45 |2964
19-20-nji martda daşary ýurt dillerini öwrenýän ýaşlaryň bilim derejelerini barlamak, olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen TBM-niň yglan eden Eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň III jemleýji tapgyry paýtagtymyzda üstünlikli geçirildi19-20-nji martda daşary ýurt dillerini öwrenýän ýaşlaryň bilim derejelerini barlamak, olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen TBM-niň yglan eden Eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň III jemleýji tapgyry paýtagtymyzda üstünlikli geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

19-20-nji martda daşary ýurt dillerini öwrenýän ýaşlaryň bilim derejelerini barlamak, olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen TBM-niň yglan eden Eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň III jemleýji tapgyry paýtagtymyzda üstünlikli geçirildi.

Döwlet bäsleşigi iňlis hem rus dilleri boýunça 4 ýaş derejesi boýunça guraldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda gysga möhletli okuwlary guraýan okuw merkezleriniň I we II tapgyrlaryndan üstünlikli geçen 203 sany diňleýjiler zehinlerini synadylar.

Döwlet bäsleşiginiň bu tapgyry Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-de geçirilip oňa deslapky tapgyrlardaky netijeler boýunça Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça - 35, Balkan welaýaty boýunça - 31, Daşoguz welaýaty boýunça - 47, Lebap welaýaty boýunça - 42, Mary welaýaty boýunça - 48 sany, jemi ýurt boýunça - 203 diňleýji gatnaşmaga hukuk gazandy.

Döwlet bäsleşiginiň III tapgyry açyklyk we aýdyňlyk esasynda geçirilip, Merkezi guramaçylyk toparynyň utgaşdyrmagynda döredilen Guramaçylyk toparynyň, Eminler toparlarynyň hem-de Gözegçi toparlarynyň öz öňlerinde goýlan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmaklarynda geçirildi.

Yzygiderli üçünji gezek geçirilýän bu bäsleşigiň ýurdumyzyň ähli künjeklerinden daşary ýurt dillerini öwrenýän ýaş zehinleri, daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary hem-de ýurdumyzyň eýeçiligiň dürli görnüşindäki okuw merkezleriniň wekillerini bir ýere jemlemegi bilim ulgamynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ýatdan çykmajak wakalarynyň birine öwrüldi.

Jemleýji tapgyryň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli derejeli diplomlary hem-de höweslendiriji gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy. Bäsleşigi ýokary derejede geçirmäge işjeň gatnaşan Guramaçylyk toparynyň, Eminler toparlarynyň hem-de Gözegçi toparlarynyň agzalary-da TBM-niň minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026