HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan we Türkmenistan söwda dolanyşygyny ýylda 1 mlrd dollara çenli ösdürmegi maksat edinýär - Ilçi

Mart 18, 2025 | 19:40 |5329
Gazagystan we Türkmenistan özara söwdanyñ möçberini möhüm derejede ösdürmegi meýilleşdirýär.Gazagystan we Türkmenistan özara söwdanyñ möçberini möhüm derejede ösdürmegi meýilleşdirýär.
Çeşme: Orient.tm

Gazagystan we Türkmenistan özara söwdanyñ möçberini möhüm derejede ösdürmegi meýilleşdirýär. Bu barada "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" forumynyñ çäklerinde ORIENT saýtynyñ habarçysyna beren söhbetdeşliginde Türkmenistandaky Gazagystan Respublikasynyñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew habar berdi.

"Gazagystan Respublikasynyñ Statistika baradaky agentliginiñ berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda iki ýurduñ arasyndaky söwda dolanyşygy 554 mln dollar möçberinde boldy. Gazagystanyñ Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyñ geçen ýylky duşuşygynda bu görkezijiniñ yzygiderli ösdürilýändigi barada bellenildi. Emma taraplaryñ pikirine görä, söwdanyñ möçberini ýokarlandyrmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu maksat bilen gazagystan wekiliýeti işjeñ ýagdaýda foruma gatnaşýar" - diýip, Gazagystanyñ ilçisi belledi. 1 Ilçi forumda ykdysady özara gatnaşyklaryñ möhüm ugurlary, şol sanda iri infrastruktura we energetika taslamalary durmuşa geçirimegiñ ileri tutulmagy barada maslahatlaşylandygyny aýratyn belläp geçdi. Ol Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ Başlygynyñ orunbasary Nökerguly Atagulyýewiñ öz çykyşynda ýurdyñ ykdysadyýetiniñ täsirli ösüş görkezijileri, şol sanda 2024-nji ýylda JIÖ-niñ 6,3 % ýokarlandyrylmagy barada beýan edendigini hem belledi. Diplomatyñ aýtmagyna görä, şeýle netijeler türkmen hökümeti tarapyndan kabul edilýän çäreleriñ netijeliligi barada şaýatlyk edýär. 2 Forumyñ çäklerinde geçirilen sergi Gazagystan bilen Türkmenistanyñ hyzmatdaşlygyny giñeltmek ýolunda möhüm ädim boldy. Onda gazagystan işewürleri türkmen öndürijileriñ önümleri bilen tanyşdyrdylar. Ilçiniñ aýtmagyna görä, Gazagystan tarapynyñ wekilleri hödürlenen harytlaryñ hiline we bäsdeşlige ukyplylygyna ýokary baha berip, eýýäm olary Gazagystana getirmek barada şertnamalary baglaşyp başladylar. 3 "Biz bilelikdäki tagallalaryñ netijesinde söwda dolanyşygyny 1 mlrd dollara çenli ýetirmek boýunça öñde goýulan maksada ýetip biljekdigimize ynam bildirýäris" - diýip, Ilçi aýratyn belledi. Şeýle hem, ol forumyñ, esasan hem, kiçi we orta telekeçelikde işewür aragatnaşyklary pugaltalandyrmak üçin kuwwatly güýç boljakdygyna ynam bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026