Beýik Britaniýa we Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlygy giňeldýärler


Beýik Britaniýa we Türkmenistan ikitaraplaýyn ykdysady aragatnaşyklary giňeltmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Trend bilen söhbetdeşliginde Türkmenistandaky Beýik Britaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon habar berdi.
Diplomat Türkmenistan – Beýik Britaniýa Söwda-senagat geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýakynda Beýik Britaniýa amala aşyran saparynyň işewürlik gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ädim bolandygyny aýtdy. Saparyň dowamynda ministr öňdebaryjy britan kompaniýalary, şol sanda Londonyň gazna biržasy we JCB bilen gepleşikleri geçirdi. Bu bolsa täze bilelikdäki taslamalar üçin mümkinçilikleri açyp berýär.
Britan kompaniýalary syýahatçylyk, energetika we infrastruktura ýaly ugurlar boýunça öňden bäri Türkmenistanda iş alyp barýarlar. Konlon 2024-nji ýylyň üçünji çärýegi boýunça iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberiniň 79 mln funt sterlinge ýetendigini belledi. Bu hem Türkmenistanyň Beýik Britaniýa üçin ygtybarly we ileri tutulýan söwda hyzmatdaşy hökmündäki ornuny açyp görkezýär.
Arassa energetika babatdaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Ilçiniň aýtmagyna görä, ýurtlar uglerod bitaraplygyny gazanmaga gönükdirilen taslamalaryň üstünde bilelikde iş alyp barmagy göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, Beýik Britaniýa we Türkmenistan maşyn gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de Türkmenistana eksporty ösdürmekde gyzyklanma bildirýän britan kompaniýalara goldaw bermek üçin möhüm hyzmatdaşlar bilen gatnaşyk saklaýarlar.
Şeýle köptaraply hyzmatdaşlyk iki ýurda täze mümkinçilikleri açyp, durnukly ykdysady ösüş üçin esas döretýär.
ORIENT news








