Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Walentina Matwiýenko türkmen-rus hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak barada pikir alyşdylar


18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlugy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandy üçin Walentina Matwiýenko minnetdarlyk bildirdi we onuň köp ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen döwlet wezipelerinde işjeň işländigini belledi.
Walentina Matwiýenko Gurbanguly Berdimuhamedowa ýetip gelýän Nowruz baýramy mynasybeti tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi we Russiýanyň iki döwletiň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak ugruna berk ygrarlydygyny tassyklady diýip, TDH habarynda aýdylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýa Federasiýasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini we Türkmenistanyň dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmaga çalyşýandygyny tassyklady. Walentina Matwiýenkonyň goldaw bermeginde ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygyň meýdançasy ýaly özara gatnaşyklaryň täze formatlarynyň möhüm ornuna — Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentarileriniň duşuşygy we “Merkezi Aziýa — Russiýa” zenanlar dialogyna aýratyn üns berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu formatlaryň çäginde parlamentarileriň nobatdaky duşuşygyny guramagy teklip etdi.
Taraplar giň gerimli döwletara dialogy ösdürmekde we ony hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda iki ýurduň parlamentarileriniň möhüm orny bellenildi. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, hususan-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda özara hereketleri pugtalandyrmak bilen bagly meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Walentina Matwiýenkonyň döwlet, syýasy, jemgyýetçilik işi köp babatda eneligi we çagalygy, saglygy goramak, inklýuziw bilim bermek meseleleri bilen baglanyşyklydyr. Gurbanguly Berdimuhamedow onuň çagalar bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilen uzak möhletli strategiýalary hem-de maksatnamalary taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça başlangyçlaryna uly hormat bilen garaýandygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çagalaryň hemmetarplaýyn üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek” atly maslahatyň geçiriljekdigini aýtdy we Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli wekiliýetini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Walentina Matwiýenko çakylyk üçin hoşallyk bildirip, russiýaly parlamentarileriň şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere, ilkinji nobatda, çagalaryň bähbidine halkara işe bagyşlanan maslahata gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
ORIENT








