Täjigistanda GDA-nyñ multimodal ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmagyň strategiýasy işläp taýýarlanýar


Täjigistanda ýurduñ Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiñ çäklerinde Arkalaşygyñ multimodal ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmagyň strategiýasy işläp taýýarlanyp başlandy.
Täjigistanyñ Ulag ministrligi ekspert duşuşygynyñ geçirilmegi barada habar berdi. Onda Strategiýanyñ esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Strategiýanyñ işläp taýýarlanylmagyna BMG-niñ Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş toparynyñ bilermenleri, şeýle hem GDA ýurtlarynyñ ulag we gümrük edaralarynyñ hünärmenleri çekildi.
Birinji tematiki duşuşygy 2025-nji ýylyñ martynda geçiriljek "gury port", logistika we multimodal ulag hyzmatlarynyñ operatorlarynyñ Halkara forumynyñ çäklerinde Bankokda geçer.
Şeýle başlangyç halkara daşamalaryñ netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Bu bolsa Durnuky ösüş maksatlaryna ýetmegiñ möhüm bölegi bolar. Çaklamalara laýyklykda, 2050-nji ýyla çenli dünýäniñ ýük daşamalaryna bolan islegi 100%, ýolagçy daşamalara bolsa - 79% öser.
ORIENT news








