HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan çakylyk haty gowşuryldy

Mart 19, 2025 | 18:40 |4237
2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Premýer-ministriniň diwanynyň ýolbaşçysy Araik Arutýunýan bilen duşuşdy.2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Premýer-ministriniň diwanynyň ýolbaşçysy Araik Arutýunýan bilen duşuşdy.
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Premýer-ministriniň diwanynyň ýolbaşçysy Araik Arutýunýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Ilçi Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň adyna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan, Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli Forumuna çakylyk hatyny gowşurdy. 1 Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky ýola goýlan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we ulag-kommunikasiýa ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň nobatdaky mejlisiniň ýakynda Ýerewan şäherinde geçirilýändigi bellenildi.

Taraplar, şeýle hem türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk goruny berkitmek meselesiniň üstünde hem durup geçdiler. Ilçi M.Aýazow şu ýylyň Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly şygary astynda geçýändigini gürrüň berdi. Ol şol bir wagtda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen yglan edilmegine 30 ýyl dolýandygyny belledi.

Ilçi BMG-nyň Baş Assambleýasynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” Kararnamasynyň 86 döwlet bilen bir hatarda Ermenistanyň hem döredijisi bolup çykyş edendigini we bu Kararnamanyň Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilendigini nygtady.

Duşuşykda şeýle hem Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerini ulanmak bilen, iki döwletiň arasynda söwdany ösdürmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026