HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanyñ 30-dan gowrak kompaniýalary IFT-2025 forumyna gatnaşdylar: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyñ täze mümkinçilikleri

Mart 18, 2025 | 18:40 |4325
18-nji martda Aşgabadyñ "Ýyldyz" myhmanhanasynda "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" (IFT-2025) atly halkara forumy geçirilip, ol bütin dünýäniñ işewürlik we döwlet edaralarynyñ wekillerini ýygnady.18-nji martda Aşgabadyñ "Ýyldyz" myhmanhanasynda "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" (IFT-2025) atly halkara forumy geçirilip, ol bütin dünýäniñ işewürlik we döwlet edaralarynyñ wekillerini ýygnady.
Çeşme: Orient.tm

Şu gün, 18-nji martda Aşgabadyñ "Ýyldyz" myhmanhanasynda "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" (IFT-2025) atly halkara forumy geçirilip, ol bütin dünýäniñ işewürlik we döwlet edaralarynyñ wekillerini ýygnady. Işjeñ gatnaşyjylaryñ arasynda Gazagystan-Türkmen işewürlik geñeşiniñ bilelikdäki başlygy Aýdar Kazybaýewiñ ýolbaşçylygyndaky Gazagystanyñ wekiliýeti. Onuñ aýtmagyna görä, foruma gatnaşmak üçin Aşgabada dürli pudaklara wekilçilik edýän 30-dan gowrak gazagystan kompaniýalary geldi. 1 Mangistau oblastynyñ akimynyñ gatnaşmagy sapara aýratyn ähmiýet berýär. Munuñ özi Gazagystanyñ Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak islegini açyp görkezýär. Aýdar Kazybaýewiñ ORIENT saýtynyñ habarçysyna gürrüñ berişi ýaly, forumyñ çäklerinde köpsanly işewürlik duşuşyklary we gepleşikleri geçirildi. 2 Türkmenistanyñ kardiologiýa merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryñ we serişdeleriñ getirilmegi maslahatlaşmalaryñ esasy ugurlarynyñ biri boldy. Dermanhana kompaniýalary bilen türkmen bazarynda gazagystan derman serişderiniñ görnuşleriniñ giñeldilmegi baradaky ylalaşyklara hem ýetildi. Beýleki başlangyçlaryñ arasynda - Türkmenistanda durnukly ösüş meseleleri boýunça Maliýe akademiýasyny döretmek taslamasynyñ işläp taýýarlanylmagy baradaky ylalaşygyñ gol cekilmegi bar. Mundan başga-da, ESG (ekologiýa, durmuş we korporatiw dolandyrylmagy) hem-de ekologiki modelirleme babatda hyzmatdaşlyk meýilleşdirilýär.

Aýdar Kazybaýew Gazagystanyñ we Türkmenistanyñ uly maksatlary öñde goýýandyklary barada hem belläp geçdi:

  • Häzirki wagtda göni howa gatnawlarynyñ ýola goýulmagy, wiza tertibiñ we söwda düzgünleriniñ ýeñilleşdirilmegi barada maslahatlaşylýar. Türkmen tarapy gepleşikleriñ alnyp barylmagyna uly gyzyklanma bildirýär, biz hem iki tarapdan işewürlik üçin oñaýly şertleri döretmäge ynam bildirýäris.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026