HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we «TRT Avaz» teleýaýlymy hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

Mart 18, 2025 | 16:05 |5579
2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew «TRT Avaz» teleýaýlymynyň başlygy Ýüjel Kylyçkaýa bilen duşuşdy.2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew «TRT Avaz» teleýaýlymynyň başlygy Ýüjel Kylyçkaýa bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew «TRT Avaz» teleýaýlymynyň başlygy Ýüjel Kylyçkaýa bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen «TRT Avaz» teleýaýlymynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellemek bilen, gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ösdürmäge bolan ymtylmasyny beýan etdiler.

BMG-iň Baş Assambleýasynyň kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek halkara ähmiýetli çärelere aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti hem aýratyn bellenildi.

Bu ugurda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilip geçilmegi hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli ýörite telegepleşikleriň we rubrikalaryň taýýarlanylmagy boýunça pikirler alyşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026