HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti TSTB-niň 17 ýyllygy we serginiň hem-de forumyň açylmagy bilen gutlady

Mart 17, 2025 | 06:30 |3394
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 17 ýyllygy, TSTB-niň sergisiniň hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumynyň geçirilmegi mynasybetli Gutlagyny iberdiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 17 ýyllygy, TSTB-niň sergisiniň hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumynyň geçirilmegi mynasybetli Gutlagyny iberdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 17 ýyllygy, TSTB-niň sergisiniň hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumynyň geçirilmegi mynasybetli Gutlagyny iberdi.

Döwlet Baştutany Gutlag hatynda bu şanly sene bilen ähli gatnaşyjylary we myhmanlary tüýs ýürekden gutlap, ýurduň milli ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde hususy pudagyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini nygtady. Prezidentiň belleýşi ýaly, häzirki giň gerimli çäreler TSTB agzalarynyň döwlet goldawyndan netijeli peýdalanyp, ýurduň ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigini görkezýär.

Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini üpjün etmek maksady bilen giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň we iri sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigine ünsi çekdi. Şol işlerde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutany türkmen telekeçileriniň ylmy-tehnologik özgertmeler syýasatyny durmuşa geçirmegindäki, sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden peýdalanmakdaky, senagaty, oba hojalygyny we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekdäki täsirli işleri barada belläp geçdi.

Prezident hususy telekeçileriň içerki bazaryň üpjünçiligini we halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeleýändigini belledi. Olar importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürýän döwrebap kärhanalary açyp, täze iş orunlaryny döredýärler. Netijede, işewürlik gurşawynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen hususy pudagyň ykdysadyýetdäki paýy yzygiderli artýar. Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasynda we maýa goýum maksatnamasynda jemi içerki önümdäki hususy sektoryň paýyny 71,6%-e ýetirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň telekeçileriniň geljekde-de innowasiýalara, ylma we öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanyp, yhlasly zähmet çekjekdiklerine, olaryň harytlarynyň we hyzmatlarynyň häzirki zaman hiliniň nusgasy boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Sözüniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ähli gatnaşyjylary TSTB-niň 17 ýyllygy we sergi hem-de forumyň açylmagy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de ýurdumyzyň özgertmelerini we maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026