HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

20-nji martda Moskwadaky “Remezan çadyrynda” Türkmenistana bagyşlanan çäre geçiriler

Mart 17, 2025 | 09:10 |3388
20-nji martda Moskwadaky “Remezan çadyrynda” Türkmenistanyň guramagynda çäre geçirilip, ol ýurduň medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň muşdaklary üçin uly waka bolar.20-nji martda Moskwadaky “Remezan çadyrynda” Türkmenistanyň guramagynda çäre geçirilip, ol ýurduň medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň muşdaklary üçin uly waka bolar.
Çeşme: shater-ramadana.ru

20-nji martda Moskwadaky “Remezan çadyrynda” Türkmenistanyň guramagynda çäre geçirilip, ol ýurduň medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň muşdaklary üçin uly waka bolar.

Agşamky çäre Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy hem-de Russiýanyň Müftiler geňeşiniň goldaw bermeginde geçiriler.

Çärä türkmen diasporasynyň wekilleriniň, diplomatlaryň, sungat we medeniýet işgärleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Agşamky çärede döredijilik toparlaryň çykyşlary, milli saz-gurallarynda çalynjak türkmen owazlaryň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýeti we taryhyny beýan edýän wideo ýazgylaryň görkezilmegi meýilleşdirilýär.

Bu çäre Moskwanyň ýaşaýjylary we Russiýanyň paýtagtynyň myhmanlary üçin Türkmenistanyň däp-dessurlary we medeniýeti bilen tanyşmaga, şeýle hem halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ajaýyp mümkinçilik berer.

“Remezan çadyry” – bu her ýylky medeni we haýyr-sahawat çäresi bolup, ol Russiýa Federasiýasynyň Musulmanlaryň ruhany müdirliginiň goldawy bilen Moskwanyň Musulmanlaryň ruhany müdiriligi hem-de Moskwanyň hökümeti tarapyndan guralýar. Şu ýylky çäre Beýik Watançylyk urşundaky ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp, “Hakyda wagtdan güýçli” diýen şygaryň astynda geçirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

22:50 Oktýabr 01, 2026
Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

22:45 Oktýabr 01, 2026
Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

22:31 Oktýabr 01, 2026