HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kazanda Nowruz baýramyny bellärler

Mart 14, 2025 | 11:09 |4550
2025-nji ýylyň 22-nji martynda Kazanda Nowruz baýramy belleniler. Bu baýramçylyk türki dilli halklaryň ýaşaýan ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem bellenilýär.2025-nji ýylyň 22-nji martynda Kazanda Nowruz baýramy belleniler. Bu baýramçylyk türki dilli halklaryň ýaşaýan ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem bellenilýär.
Çeşme: letsgotravel.ru

2025-nji ýylyň 22-nji martynda Kazanda Nowruz baýramy belleniler. Bu baýramçylyk türki dilli halklaryň ýaşaýan ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem bellenilýär.

Baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny we tebigy senenamasy boýunça täze ýylyň gelmegini alamatlandyrýan bu baýramçylyk Tatarystanyň Halklaryň dostluk öýünde geçiriler. Guramaçylar bolup Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi, “Tatarystanyň Halklaryň dostluk öýi” Döwlet býujet edarasy, “Tatarystanyň Halklaryň assambleýasy” Sebitleýin jemgyýetçilik guramasy çykyş ederler.

Köpsanly çäreleriň, şol sanda konsertleriň, halk hünärmentçilik we senetçilik önümleriniň sergi-ýarmarkasynyň, türki dilli halklaryň däp-dessurlaryna we medeniýetine bagyşlanan ussatlyk sapaklaryň, “Науруз Гузǝле” we “Науруз Батыр” bäsleşikleriň, däp bolan halk oýunlaryň we Nowruz baýramynyň oýunlarynyň geçirilmegine garaşylýar.

Baýramçylygyň möhüm bölegi bolsa milli tagamlaryň bişirilmegi bolar.

21-nji martda Kazanda Nowruz baýramynyň esasy süýjüligi bolan Semeni (Сумаляк) bişiriler. Bu lezzetli we peýdaly tagam bolup, ol adamyň güýçlerini dikeldip we oňa ruhubelentlik berýär. Semeni bugdaýyň gögeren dänesinden taýýarlanýar. Däneler üwelýär, soňra bolsa 20-24 sagadyň dowamynda un bilen garylyp gazanda bişirilýär. Şepbeşik nahary uzak wagtlap garyp durmak kyn bolýar. Bu sebäpli hem nahary taýýarlamakda gazanyň ýanynda nobatlaryny çalyşýan birnäçe adam gatnaşýar. Semenini aýdym-sazly, tansly, degişmeli aýdymly tutuş mähelle bolup taýýarlamak däbi munuň bilen düşündirilýär.

Semeni ýanmaz ýaly gazanyň düýbüne uly bolmadyk daşlary goýýarlar. Eger-de şeýle daş tagam iýilip oturan wagty öňüňden çyksa, arzuw-dileg edip bolýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026