HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

FIFA şahsy kriptowalýuta tokenini döredip biler

Mart 14, 2025 | 10:30 |3305
Halkara futbol federesiýasy (Federation Internationale de Football Association FIFA) FIFA Coin diýlip atlandyryljak şahsy kriptowalýuta tokenini döretmek mümkinçiligini işjeň maslahatlaşýar.Halkara futbol federesiýasy (Federation Internationale de Football Association FIFA) FIFA Coin diýlip atlandyryljak şahsy kriptowalýuta tokenini döretmek mümkinçiligini işjeň maslahatlaşýar.
Çeşme: crypto.ru

Halkara futbol federesiýasy (Federation Internationale de Football Association FIFA) FIFA Coin diýlip atlandyryljak şahsy kriptowalýuta tokenini döretmek mümkinçiligini işjeň maslahatlaşýar.

FIFA Prezidenti Janni Infantino şeýle çäräniň bütin dünýä boýunça 5 mlrd-dan gowrak janköýerleri çekmeklige gönükdirilendigini aýtdy.

Ak tamda geçirilen kriptosammitiň barşynda Infantino FIFA-nyň janköýerler üçin özara gatnaşygynda blokçeýn-tehnologiýalary ulanmakda gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şeýle hem, ol tokeniň futbol dünýäsinde täze mümkinçilikleriň döredilmeginde we janköýerler binýadynyň giňeldilmeginde möhüm gural bolup biljekdigini hem aýtdy.

“Eger-de bu ýerde FIFA bilen hyzmatdaşlyk alyp barmak isleýänler bar bolsa, biz açykdyrys” – diýip, Infantino aýtdy.

Mundan başga-da, FIFA eýýäm NFT-kartly FIFA Rival ykjam oýnunyň döredilendigi barada habar berdi. Munuň özi Federasiýanyň öz işine häzirki zaman tehnologiýalary integrirlemek isleýändigini açyp görkezýär.

Token – bu blokçeýnde aktiwi ýa-da gymmatlygy hödürlemek formasydyr. Bu wirtual walýuta, paýnamalar we beýleki gymmatly kagyzlar, sungat eserleri, gozgalmaýan emläk obýektleri we aktiwleriň beýleki görnüşleri bolup biler.

Tokenler bilen söwda amallaryny amala aşyryp bolýar, olary edil teňňeler ýaly satyp bolar. Olary haýsy hem bolsa bir gollanma ýa-da platforma birikmek üçin hem ulanýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026