Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Xiaomi dünýäniň ilkinji Wi-Fi nauşniklerini çykarar

Mart 13, 2025 | 10:55 |3236
Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy Xiaomi Buds 5 Pro atly dünýäniň ilkinji Wi-Fi nauşniklerini çykarmaga taýýarlanýar.Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy Xiaomi Buds 5 Pro atly dünýäniň ilkinji Wi-Fi nauşniklerini çykarmaga taýýarlanýar.
Çeşme: techcult.ru

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy Xiaomi Buds 5 Pro atly dünýäniň ilkinji Wi-Fi nauşniklerini çykarmaga taýýarlanýar.

Xiaomi Buds 5 Pro nauşnikleri diňe Bluetooth däl-de, eýsem Wi-Fi arkaly smartfonlara göni birikdirilip bilinýär. Bu hem 96 kGs/24 bit çenli mümkinçiligi we 4,2 Mbit/s çenli tizlikli audio geçirilişini üpjün etmek bilen, sesiň hilini ep-seli derejede gowulnadyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu funksiýa diňe Xiaomi 15 Ultra flagman smartfonlar üçin elýeterlidir.

Munuň özi energiýa sarp edilişini azaldar we birikdirmäniň durnuklylygyny ýokarlandyrar.

Nauşnikler üç draýwer bilen enjamlaşdyrylan hem-de Snapdragon Sound tehnologiýasyny işledip bilýärler. Bu hem sesiň ýokary hilini üpjün eder. Mundan başga-da, olaryň 55 dB çenli gibrid işjeň ses peseltmek funksiýasy (ANC) we ulanyjynyň islegine görä ses sazlamalary üçin ýöriteleşdirilen ekwalaýzer-profilleri hem bar. Geljekde mikrofon sazlamasy hem goşulyp, ol 4 sagada çenli ses ýazgysyny amala aşyryp biler.

Kuwwat beriji gabyň ulanylmagy bilen, awtonom işiniň wagty 40 sagada çenli düzýär, nauşnikleriň özi bolsa bir zarýad bilen 40 sagada çenli işläp bilýär. Şeýle hem, ses ýazgysy we emeli aňyň ulanylmagy bilen sinhron terjime funksiýalary göz öňünde tutulandyr.

Nauşnikler dury gara reňkde elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026