HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi

Mart 13, 2025 | 00:40 |6630
12-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi12-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi
Çeşme: orient.tm

12-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilendigini bellediler. Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýändigi nygtaldy.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda özara peýdaly hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn ähmiýet berilýär. “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky gatnaşyklar netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde bellendi diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň möhüm ugurlarda birnäçe bilelikdäki taslamany üstünlikli durmuşa geçirýändigi nygtaldy. Olaryň arasynda ylym we bilim, ekologiýa, energetika ulgamlaryny we üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmeklik bar.

Türkmenistanyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmegi bilen baglylykda, üstaşyr ulag geçelgelerini kämilleşdirmek strategik ähmiýete eýe bolýar – diýip, duşugyň dowamynda bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça geljegi uly ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça ýurduň alyp barýan işlerini nygtady.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutany portuň kuwwatynyň uly möçberli ýük akymlarynyň ýoluny we wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýändigini belledi hem-de Gara deňziň kenarlaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýändigini aýtdy

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýewraziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly baglanyşyga öwrüljekdigine ynam bildirildi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Ýewropa komissary Ýozef Sikela özara bähbitli türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026