HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan IFT 2025 Halkara maýa goýum forumyna taýýarlanýar

Mart 10, 2025 | 10:55 |6098
“Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara forumynyň başlanmagyna biraz wagt galdy. Bu möhüm çäre 2025-nji ýylyň 18-nji martynda geçirilip, dürli ýurtlardan telekeçiligiň tanymal wekillerini, maýadarlary we ekseprtleri ýygnar.“Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara forumynyň başlanmagyna biraz wagt galdy. Bu möhüm çäre 2025-nji ýylyň 18-nji martynda geçirilip, dürli ýurtlardan telekeçiligiň tanymal wekillerini, maýadarlary we ekseprtleri ýygnar.
Çeşme: ift.com.tm

“Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara forumynyň başlanmagyna biraz wagt galdy. Bu möhüm çäre 2025-nji ýylyň 18-nji martynda geçirilip, dürli ýurtlardan telekeçiligiň tanymal wekillerini, maýadarlary we ekseprtleri ýygnar.

Şu günki güne 20-den gowrak ýurtdan 300-e golaý wekiller foruma gatnaşmak islegini bildirdiler. Bu hem halkara bileleşigiň Türkmenistanyň hususy böleginiň teklip edýän mümkinçiliklerine barha artýan gyzyklanmasy barada subut edýär.

IFT 2025 forumynyň Baş hyzmatdaşlarynyň biri Türkmenistanda elektronikanyň we elektrik tehnikasynyň öňdebaryjy öndürijisi bolan “Aýdyň gijeler” Hojalyk Jemgyýeti. 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, bu kompaniýa importyň ýerini tutýan önümler ugruny işjeň ösdürip, öz harytlar görnüşni giňeltýär.

2024-nji ýylda “Aýdyň gijeler” birnäçe döwlet taslamalaryny, şol sanda planşetleriň, noutbuklaryň we portatiw kompýuterleriň üjün edilşini, şeýle hem ýol belgileriň, ýolagçy we ulag yşyklaryň taýýarlanylyşy we üpjün edilşi boýunça Balkan welaýat administrsiýasy üçin sargytlary ýerine ýetirdi.

IFT 2025 Türkmenistanyň işewür toparlarynyň hem-de halkara hyzmatdaşlaryň arasynda ileri tutulýan maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüler. Forum ýurduň hususy böleginiň mümkinçiliklerini açyp görkezip, maýadarlar üçin täze ýollary açar.

Forum barada giňişleýin maglumat resmi saýtda: https://ift.com.tm

Şeýle-de okaň: Birinji Halkara IFT 2025 forumy: Türkmenistanyň hususy bölegi üns merkezinde

“Düýe guş” kompaniýasy – IFT 2025 forumynyň bürünç hyzmatdaşy

Penza kompaniýalary Türkmenistandaky IFT 2025 Halkara foruma çagyryldy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026