HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

FIFA 2030-njy ýylyň Dünýä çempionatynda ýygyndy toparlaryň sanyny 64-e ýetirmek mümkinçiligine garar

Mart 07, 2025 | 09:30 |5396
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2030-njy ýylyň Dünýä çempionatynda ýygyndy toparlaryň sanyny 64-e ýetirmek mümkinçiligine seredýär.Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2030-njy ýylyň Dünýä çempionatynda ýygyndy toparlaryň sanyny 64-e ýetirmek mümkinçiligine seredýär.
Çeşme: oxu.az

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2030-njy ýylyň Dünýä çempionatynda ýygyndy toparlaryň sanyny 64-e ýetirmek mümkinçiligine seredýär.

Bu teklip Urugwaýyň wekili tarapyndan öňe sürüldi. Ol şeýle giňeldilmegi 1930-njy ýylda dünýä çempionatynyň ilkinji gezek geçirilmeginiň 100 ýyllygyny alamatlandyryp biljekdigini belledi. 1930-njy ýylda ilkinji dünýä çempionatyny hut Urugwaýyň özi kabul edip, 100 ýyldan soňra hem ýaryşyň eýesi bolar.

ABŞ-nyň The New York Times gündelik gazetiniň ýazmagyna görä, FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino bu pikire oňaýly garap, ony gyzykly diýip atlandyrdy hem-de bu babatda geljekki derňewleriň zerurdygyny belledi.

FIFA geňeşiniň beýleki agzalarynyň muňa bolan jogaby birmeňzeş däldi. Käbir b görä, ýaryşyň 64 topara çenli giňeldilmegi duşuşyklaryň sanynyň köpelmegine, muňa görä hem, goşmaça maliýe girdejilerine getirip biler. Bu logistika bilen baglanyşykly kynçylyklary hem döredip biler.

2030-njy ýylyň Dünýä çempionaty üç yklymda, ýagny Ýewropada (Ispaniýa we Portugaliýa), Afrikada (Marokko) hem-de Günorta Amerikada (Urugwaý, Paragwaý we Argentina) geçer. Bu bolsa ýaryşyň taryhynda özboluşly ajaýyp bir ýagdaý bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026