HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Öý haýwanlary üçin dünýäniň ilkinji smartfony döredildi

Mart 07, 2025 | 12:15 |2716
Barselonada tamalanan dünýäniň ykjam enjamlar senagatynyň Mobile World Congress iri sergisinde GlocalMe kompaniýasy PetPhone atly özboluşly enjamyny görkezdi. Ol bolsa öý haýwanlar üçin döredilen dünýäniň ilkinji smartfony boldy.Barselonada tamalanan dünýäniň ykjam enjamlar senagatynyň Mobile World Congress iri sergisinde GlocalMe kompaniýasy PetPhone atly özboluşly enjamyny görkezdi. Ol bolsa öý haýwanlar üçin döredilen dünýäniň ilkinji smartfony boldy.
Çeşme: rbc.ua

Barselonada tamalanan dünýäniň ykjam enjamlar senagatynyň Mobile World Congress iri sergisinde GlocalMe kompaniýasy PetPhone atly özboluşly enjamyny görkezdi. Ol bolsa öý haýwanlar üçin döredilen dünýäniň ilkinji smartfony boldy.

Bu innowasion enjam öý haýwan bilen eýesiniň arasyndaky ikitaraplaýyn aragatnaşygy üpjün etmek üçin niýetlenendir. PetPhone üýrüş ýa-da birahatlyk alamatlary ýaly haýwanlar tarapyndan çykarylýan dürli sesleri tanamaga hem-de eýelerine bildirişleri ugratmaga ukyplydyr. Munuň özi eýelere öz öý haýwanlarynyň ýagdaýyna çalt täsir etmäge mümkinçilik berýär. Zerur bolan halatynda, eýeler enjam arkaly öz öý hawýwanlary bilen gürleşip, ony köşeşdirip bilerler.

Enjam saglyga gözegçilik etmek wezipesini hem öz içine alyp, öý haýwanyň fiziki ýagdaýy hem-de onuň hakyky wagtdaky işjeňligi baradaky maglumatlary berýär.

PetPhone GPS bilen enjamlaşdyryp, bu hem eýelere öý haýwanlarynyň ýerleşýän ýerlerine hakyky wagtda gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa öý haýwanlaryny ýygy-ýygydan özbaşdak goýup, olaryň howpsuzlygy barada alada edýänler üçin döwrebap çözgüt bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026