HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabadyň Fransuz institutynda “ESCAPE 2” atly foto sergsisi açyldy

Mart 07, 2025 | 12:30 |6314
Aşgabadyň Fransuz institutynda “ESCAPE 2” atly foto sergsisi açyldy. Ol 2025-nji ýylyň mart-maý aýlarynda “Nadar” galereýasynda geçer.Aşgabadyň Fransuz institutynda “ESCAPE 2” atly foto sergsisi açyldy. Ol 2025-nji ýylyň mart-maý aýlarynda “Nadar” galereýasynda geçer.
Çeşme: orient.tm

Aşgabadyň Fransuz institutynda “ESCAPE 2” atly foto sergsisi açyldy. Ol 2025-nji ýylyň mart-maý aýlarynda “Nadar” galereýasynda geçer. Taslama 2023-nji ýylda görkezilen “Escape – sanly medeniýetiň ýüregine syýahat” atly sergisiniň dowamy boldy.

Şu ýylyň temasy “Täzeden dolmak” diýlip atlandyrylyp, ol sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň häzirki zaman jemgyýetine ýetirýän täsirine syn etmegi hödürleýär. Sergi fransuz suratkeşleriň sanly döwrüň esasy meselelerine degişli işlerini – filmleri, instalýasilaýary, wideo oýunlary öz içine alýar. “Sanly özgeriş”, “Kod belgisi - kanundyr”, “Täze derejä hoş gediňiz” we “Bile oýnaýarys” atly dört sany tematiki bölümçeler adamyň tehnologiýa bilen özara täsirini, algoritmleriň täsir edişini, maglumatlaryň girdejiligini, ösüş bilen baglylygyň arasyndaky serhedi öwrenýär.

Fransuz suratkeşi Antuan Şmittyň “(Adamzadyň) uzyn titrleri” atly interaktiw instalýasiýasy sergini tamamlaýar. Gelen adamlar onda öz atlaryny goýup, sanly taryhyň bir bölegi bolup bilerler. “ESCAPE 2” foto sergisi tehnologiýalaryň geljegi, olaryň mümkinçiligi we jemgyýetiň öňünde duran çagyryşlary baradaky oýlanmalara çagyrýar.

Sergä her gün sagat 9:00-dan 20:00-a çenli baryp bolýar. Giriş mugt.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026