HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgda geçirilen şygyryýet bäsleşiginiň ýeňijileri boldy

Mart 07, 2025 | 09:35 |5647
Sankt-Peterburgyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ynasnperwer uniwersitetinde D.A.Garnin adyndaky gündogar şygyryýetiň XIX Şäher talyplar bäsleşigi geçirildi.Sankt-Peterburgyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ynasnperwer uniwersitetinde D.A.Garnin adyndaky gündogar şygyryýetiň XIX Şäher talyplar bäsleşigi geçirildi.
Çeşme: orient.tm

Sankt-Peterburgyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ynasnperwer uniwersitetinde D.A.Garnin adyndaky gündogar şygyryýetiň XIX Şäher talyplar bäsleşigi geçirildi. Oňa Russiýanyň 20 ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistana, Mongoliýa, Belarus Respublikasyna, Zimbabwe, Hytaýa, Wýetnama, Liwana, Eýrana, Mawritaniýa, Marokko, Angola, Palestina, Pakistana, Siriýa, Gazagystana we beýleki ýurtlara wekilçilik edýän talyplary gatnaşdy.

Bäsleşgiň temasy Watana bolan söýgi we bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak meselelerine bagyşlandy. 1

Döredijilik bäsleşigiň netijeleri boýunça türkmen talyplary öz ýurduna mynasyp wekilçilik edip, hormatly üçünji ýeri eýelediler. Bäsleşikde Sankt-Peterburgyň döwlet pediatriki lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary türkmen ýaşlarynyň adyndan çykyş etdiler: bejeriş fakultetiň birinji ýyl talyp gyzlary Bibisoltan Rematullaýewa we Nargiza Zaripjanowa, şeýle hem taýýarlyk fakultetiniň diňleýjisi Naryman Myradow.

Olar Beýik Watançylyk uşruna bagyşlanan şahyrana kompozisiýa bilen çykyş edip, beýik türkmen şahyrlary Magtymguly Pyragynyň, Gurbannazar Ezizowyň we Berdinazar Hudaýnazarowyň goşgylaryny ýerine ýetirdiler.

Türkmen talyplarynyň aýtmagyna görä, bäsleşige taýýarlamakda olar bilen daşary ýurt talyplary bilen işleşmek boýunça dekanatyň kömegi bilen rus dili kafedrasynyň uly mugallymlary Irina Bugaýewa we Anna Kiselnikowa iş layp bardylar. 2

Bäsleşige gatnaşyjylary goldamak üçin olaryň kusrdaşlary, şeýle hem rus dili kafedrasynyň mugallymlary hem geldi. 3

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026