HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russia Halal Expo 2025: Russiýanyň iň uly halal senagaty sergisi Kazanda geçiriler

Mart 05, 2025 | 16:42 |13360
14-16-nji maý aralygynda Halkara sergi merkezi «Kazan Ekspo»-da Russiýanyň iň uly halkara halal senagaty sergisini – Russia Halal Exp14-16-nji maý aralygynda Halkara sergi merkezi «Kazan Ekspo»-da Russiýanyň iň uly halkara halal senagaty sergisini – Russia Halal Exp
Çeşme: tppvo.ru

14-16-nji maý aralygynda Halkara sergi merkezi «Kazan Ekspo»-da Russiýanyň iň uly halkara halal senagaty sergisini – Russia Halal Expo 2025-i geçiriler. Bu çäre XVI Halkara Ykdysady Forumy «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» çäginde guralýar. Ol gatnaşyjylara diňe bir önümlerini tanyşdyrmak däl, eýsem, dürli ýurtlardan gelen telekeçiler, maýadarlar we döwlet edaralarynyň wekilleri bilen işewür gatnaşyklar gurmak üçin mümkinçilik döreder.

«Häzirki wagtda halal – bu halkara hil ülňüsidir. Russiýa halal önümleriniň eksportyny işjeň ösdürýär, biziň sergimiz bolsa telekeçilere täze bazarlara çykmak we ygtybarly hyzmatdaşlar tapmak üçin güýçli gural hödürleýär. 80-den gowrak ýurduň gatnaşmagy bu wakany mümkinçilikleri boýunça özboluşly edýär» diýip, Tatarystan Respublikasy Döwlet maýa goýum ösüş agentliginiň ýolbaşçysy, KazanForum-yň federal guramaçylyk komitetiniň agzasy Talýa Minullina belleýär.

2024-nji ýylda sergä 324 kompaniýa gatnaşyp, ekspozisiýa meýdany 42 müň inedördül metrden ybarat boldy. 2025-nji ýylda Russia Halal Expo-a gatnaşyjylaryň sanynyň artmagyna garaşylýar.

Sergi 8 esasy ugury öz içine alar:

-maýa goýum we infrastruktura taslamalary – hyzmatdaşlary çekmek we maliýeleşdirmek mümkinçiligi;

-tehnologiýa hyzmatdaşlygy – yslam ykdysadyýetinde özara bähbitli taslamalar;

-B2B-meýdança – iri we orta kärhanalaryň önümlerini hödürlemek;

-halkara stendler – dürli ýurtlaryň kompaniýalarynyň gatnaşmagy;

-Russiýanyň sebitleri – sebit önüm öndürijileriniň mümkinçiligini görkezmek;

-hyzmatdaşlar we hemaýatkärçiler – halal senagatynyň öňdebaryjylary;

-yslam maliýe ulgamy – şerigat düzgünleri boýunça işewürligi maliýeleşdirmek gurallary;

-maşyn gurluşygy – halal önümçiligi üçin enjamlar.

Şeýle hem, 13-18-nji maý aralygynda Kazanda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XVI Halkara ykdysady forumy geçiriler. Onda yslam ykdysadyýetiniň ösüşi we halkara hyzmatdaşlyk bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Sergä gatnaşyjy hökmünde hasaba alynmak üçin ýüz tutmalar 2025-nji ýylyň 17-nji apreline çenli kabul edilýär. Arza ibermek üçin: halalexpo@kazanforum.ru

Metbugat wekilleri üçin akkreditasiýa şu salgyda mümkindir: https://kazanforum.ru/presscenter/accreditation-terms-and-conditions/

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026