HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Belarus kaliý ýükiniň üstaşyr gatnawyny amala aşyrýar

Mart 04, 2025 | 11:10 |6272
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzyň demirýol ulaglarynda konteýner gatnawlarynyň operatory bolup çykyş etmek bilen, «Demirgazyk-günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň çäginde uly möçberlerde konteýner gatnawlaryny amala aşyrmaklyga dowam edýär.«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzyň demirýol ulaglarynda konteýner gatnawlarynyň operatory bolup çykyş etmek bilen, «Demirgazyk-günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň çäginde uly möçberlerde konteýner gatnawlaryny amala aşyrmaklyga dowam edýär.
Çeşme: www.tulm.tm

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzyň demirýol ulaglarynda konteýner gatnawlarynyň operatory bolup çykyş etmek bilen, «Demirgazyk-günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň çäginde uly möçberlerde konteýner gatnawlaryny amala aşyrmaklyga dowam edýär.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylyň fewral aýyndan başlap, Belarus Respublikasynyň iri mineral dökünlerini öndüriji kärhanasy AGPJ «Беларуськалий» kärhanasynyň kaliý ýüküni başlangyç jemi her biri 62 sany 40-futluk konteýnerden ybarat bolan 2 sany synag görnüşindäki konteýner otly düzümini Belarusiýa – Russiýa – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran ugry boýunça ýurdumyzyň Etrek stansiýasynyň üsti bilen olary Eýran (Bender Abbas portundan) deňiz gatnawlary arkaly Hytaýyň gündogar deňiz portlaryna ugradyp başlady. Bu barada TULM öz saýtynda habar berýär.

Synag konteýner otly düzümleriniň jemi 8 gatnawdan ybarat bolup, her aýda 20 000 tonna çenli gatnawy amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Gelejekde hem «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Demirgazyk-günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesi arkaly bu kaliý ýükli konteýner otly düzümlerini Hindistanyň portlaryna hem ugratmaklyk göz öňünde tutulýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026