Brýusselde Türkmenistanyň Bitaraplygyna, Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirildi


28-nji fewralda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasynda Lille Katolik uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary üçin ýörite çäre geçirdi. Duşuşyk Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmekdäki taryhy ornuna we Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna , şeýle hem ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Bu çäre, Türkmenistanyň Bitaraplyk we parahatçylykly diplomatiýa ýörelgelerine ygrarlydygyny, 1995-nji ýylda resmi taýdan ykrar edilen ýurduň hemişelik bitarap derejesini ähmiýetini görkezdi we şu nukdaýnazardan döwletimiziň sebitleýin we ählumumy durnuklylygy berkitmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen halkara giniňliginde çykyş edip, diplomatik usullar arkaly dawalary çözmek islegini elmydama görkezýär. Tanyşdyryş dabarasynda Türkmenistanyň halkara dialoglara we parahatçylygy goraýyş işlerinde döwletara hyzmatdaşlygy üçin meýdançalary döretmäge işjeň gatnaşýandygy nygtaldy.

Diplomatik üstünliklerden başga-da, duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanyň baý taryhy we medeni mirasy, ýurduň tebigy gözel ýerleri we onuň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen möhüm merkez hökmünde ähmiýeti nytaldy. Türkmen halysyny dokamak sungaty we rowaýata öwrülen Ahalteke bedewleri ýaly meşhur türkmen halkynyň medeni mirasy baradaky gürrüňler aýratyn gyzyklanma döretdi. Tanyşdyryş dabarasy myhmanlary Türkmenistanyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen has içgin tanyşmaga çagyryp, medeniýetara dialogyň we jemgyýetçilik diplomatiýasynyň ähmiýeti nygtaldy.

Çäräniň dowamynda jemgyýetçilik diplomatiýasyna aýratyn üns berildi. Maksatnamanyň bu böleginiň çäginde Ilçihananyň ikinji sekretary Maral Rahymowa geçen ýyl Brýusselde surata düşürilen Türkmenistan barada aýdym-sazly wideo şekilini görkezdi. Bu bolsa Ilçihananyň medeni-diplomatik işleriniň ajaýyp mysaly boldy. Mundan başga-da, myhmanlara Türkmenistanyň tebigy ajaýyplygyny, taryhy mirasyny we medeni özboluşlygyny açyp görkezýän wideo şekillier görkezildi. Onuň netijesinde çärä gatnaşyjylar türkmen halkynyň ruhuna has çuňňur düşünmäge mümkinçilik aldylar.
Çärä, myhmanlara aşpezlik sungaty arkaly ýurduň myhmansöýerlik atmosferasyny duýmaga mümkinçilik berýän, adaty türkmen aşhanasynyň tagamlaryny adyp görmekleri bilen tamamlandy.
ORIENT








