HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kwant kompýuterleri garaşylandan has ir ýüze çykyp biler

Mart 01, 2025 | 06:20 |6187
Microsoft kompaniýasy Majorana 1-i – dünýäniň ilkinji topgeçiriji kwant çibini hödürledi. Bu topgeçirijiler täze madda ýagdaýyny döredýär – gaty, suwuk ýa-da gaz däl-de, topologiki. Hünärmenler topgeçirijileri XX asyrda ýarymgeçirijileriň döredilmegi bilen deňeçer düýpli açyş hasaplaýarlarMicrosoft kompaniýasy Majorana 1-i – dünýäniň ilkinji topgeçiriji kwant çibini hödürledi. Bu topgeçirijiler täze madda ýagdaýyny döredýär – gaty, suwuk ýa-da gaz däl-de, topologiki. Hünärmenler topgeçirijileri XX asyrda ýarymgeçirijileriň döredilmegi bilen deňeçer düýpli açyş hasaplaýarlar
Çeşme: mobiltelefon.ru

Microsoft kompaniýasy Majorana 1-i – dünýäniň ilkinji topgeçiriji kwant çibini hödürledi. Bu topgeçirijiler täze madda ýagdaýyny döredýär – gaty, suwuk ýa-da gaz däl-de, topologiki. Hünärmenler topgeçirijileri XX asyrda ýarymgeçirijileriň döredilmegi bilen deňeçer düýpli açyş hasaplaýarlar.

Bu, Microsoft tarapyndan takmynan 20 ýyllyk gözlegleriň netijesinde döredilen täze materiallar toparydyr. Topgeçirijiler kwant hasaplamalarynyň esasy meseleleriniň birini – daşky gurşaw täsirlerine duçar bolýan kubitleriň ygtybarly däldigini çözmäge kömek edýär. Microsoft hünärmenleri kubitleriň täze görnüşini döretmek usulyny teklip etdiler: olary ölçemek we dolandyrmak mümkindir, ýöne olar şeýle durnukly bolup, ýalňyşlyk düzetmek talap etmeýärler. Olar topologiki kubitler diýlip atlandyrylýar we tizligi, ölçegi hem-de dolandyrylyşy taýdan ep-esli artykmaçlyga eýedir.

Bu tehnikada we fizikada düýpli açyş bolup, ulanmaga ýaramly kwant kompýuterlerini döretmek üçin ýol açýar. Microsoft kompaniýasynyň pikiriçe, bu maksada garaşylandan has çalt – belki-de birnäçe onýyllyklaryň içinde däl-de, birnäçe ýyllaryň dowamynda ýetmek mümkin. Million kubitli kwant kompýuter häzirki zaman superkompýuterleri üçin müňlerçe ýyl talap edýän meseleleri çözüp biler.

Kwant kompýuterleri kwant mehanikasynyň gurluşyna esaslanyp işlemäge ukyply bolany üçin, dürli ugurlarda düýpli özgerişlikler döredip biler. Olary himiýadan başlap lukmançylyga we farmasewtika senagatyna çenli, şeýle hem material öwreniş, maliýe, kriptografiýa we başga-da köp ugurda ulanmak bolar.

Kwant kompýuterleriniň hasaplaýyş kuwwaty fermentleriň we mikroorganizmleriň özüni alyp barşyny has takyk matematiki modelleşdirmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa, olary oba hojalygynda has netijeli ulanmagy üpjün eder – mysal üçin, topragyň mikrobiomynyň dökünlenme ukybyny gowulandyrmak ýa-da guraklyga çydamlylygyny ýokarlandyrmak üçin ulanylyp bilner. Bu barada New-Science.ru belleýär.

Mundan başga-da, kwant hasaplamalary özüni dikeldýän materiallary we tebigatda toksiki galyndylarsyz dargap bilýän plastmassalary çalt döretmäge kömek eder. Şeýle hem köp maksatly derman serişdelerini işläp düzmek mümkin bolar. Umuman, kwant kompýuterleri adaty kompýuterleriň birnäçe ýyl talap edýän hasaplamalaryny ep-esli tizleşdirer. Hünärmenleriň pikiriçe, kwant kompýuterleriniň emeli aň gurallary bilen utgaşdyrylmagy hasaplama tizligini we takyklygyny has hem artdyryp biler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026