Türkmenistanyň lukmançylyk merkezleri binagärlik üçin abraýly “German Design Award 2025” atly baýaragyny aldylar


Aşgabatdaky iki sany lukmançylyk merkezleri – Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi – “German Design Award 2025” atly halkara baýragyna mynasyp boldy. Baýraklar binagärlik we dizaýn çözgütleri üçin Germaniýanyň “Rat für Formgebung” atly dizaýn boýunça geňeşi tarapyndan gowşuryldy.
Bu desgalar Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçen ýylyň oktýabrynda açylyp ulanmaga berildi. Şonda bu merkezlere, gurluşygynda we enjamlaşdyrylyşynda ýokary tehnologiýalar üçin birnäçe halkara şahadatnamalar gowşuruldy.
“Gap Inşaat” türk kompaniýasy tarapyndan gurlan merkezler, “Arhitektura” ugry boýunça Germaniýanyň Federal Hökümetiniň goldaw bermeginde Frankfurt şäherinde her ýyl geçirilýän bäsleşikde abraýly “German Design Award 2025” baýragy bilen tapawutlandy.

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi 400 orunlyk bolup, Merkezi Aziýa sebitinde şikeslerden, kesellerden soň näsaglaryň saglygyny dikeltmäge ýöriteleşdirilen ýeke-täk lukmançylyk edarasydyr. Multimedialaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş ugurly lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan merkeziň düzüminde çagalaryň we ulularyň saglygyny dikeltmek üçin niýetlenen dürli bölümleriň 20-den gowragy öz içine alýar we ösen tehnologiýalary hem-de adaty lukmançylyk usullaryny birleşdirip, her bir näsaga aýratyn çemeleşmäge niýetlenendir.

250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, allergologiýa we immunologiýa, kadaly iýmitlenmek, fiziki işjeňlik, sport, zähmetiň fiziologiýasy ýaly ugurlaryny öwrenmäge gönükdirilendir. Merkez bu ugurlar boýunça kliniki, okuw, ylmy-barlaghana işleri alnyp barýar, dem alyş we gan aýlanyş funksiýalaryny goldaýan häzirki zaman enjamlary bar we ýaş lukmanlary taýýarlamak üçin mekdep bolup hyzmat edýär. Merkez näsaglaryň sagaldyş döwri gysgaltmaga kömek edýän halkara ülňülerine laýyk gelýän bejeriş usullaryny işjeň durmuşa geçirýär.
Halkara derejesinde ykrar edilen, şeýle döwrebap merkezleriň gurlup ulanmaga berilmegi, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we lukmanlaryň iş şertleriniň has-da gowulanýandyga döwlet derejesinde aýratyn üns berýändigine şaýatlyk etýär.
ORIENT








