HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

5-nji maýda Microsoft Skype-iñ işleýşini hemişelik bes eder

Mart 01, 2025 | 08:50 |7702
Microsoft kompaniýasy Skype internet-jañlar hyzmatynyñ ýapylýandygy barada habar berdi. Bu waka 2025-nji ýylyñ 5-nji maýynda bolup geçer. Bu baradaky karar ulanyjylaryñ arasynda has meşhur bolan kompaniýanyñ Microsoft Teams platformasynyñ ösüşine ünsi jemlemek bilen şertlendirilen.Microsoft kompaniýasy Skype internet-jañlar hyzmatynyñ ýapylýandygy barada habar berdi. Bu waka 2025-nji ýylyñ 5-nji maýynda bolup geçer. Bu baradaky karar ulanyjylaryñ arasynda has meşhur bolan kompaniýanyñ Microsoft Teams platformasynyñ ösüşine ünsi jemlemek bilen şertlendirilen.
Çeşme: korrespondent.net

Microsoft kompaniýasy Skype internet-jañlar hyzmatynyñ ýapylýandygy barada habar berdi. Bu waka 2025-nji ýylyñ 5-nji maýynda bolup geçer. Bu baradaky karar ulanyjylaryñ arasynda has meşhur bolan kompaniýanyñ Microsoft Teams platformasynyñ ösüşine ünsi jemlemek bilen şertlendirilen.

Microsoft Skype ulanyjylara özüniñ kontaktlaryny we hatlaryny Teams-a geçirmegi teklip edýär. Bu bolsa geçişi añsatlaşdyrmaly. Bildirişiñ çykanyndan soñ 60 günüñ dowamynda ulanyjylar öz maglumatlaryny geçirip ýa-da täze platforma geçip bilerler. Teams-y ulanmak islemeýänler üçin ýylyñ ahyryna çenli özüniñ maglumatlaryny saklamak mümkinçiligi berler. Soñra bolsa olar aýrylar.

Kompaniýanyñ ynandyrmagyna görä, Teams-a geçiş aragatnaşygyň hilini gowulandyrmaga hem-de bu babatda innowasiýalary çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berer.

"Skype häzirki zaman aragatnaşyklaryñ emele gelmeginiñ we sanardan köp möhüm pursatlaryñ emele gelmeginiñ aýrylmaz bölegi boldy. Biz hem şu ýoluñ bir parçasy bolanymyza buýsanýarys" - diýip, Microsoft-da bellediler.

2003-nji ýylda Niklas Zennstrýom, Ýanus Friis we beýleki dört eston işläp taýýarlaýjylar tarapyndan işledilip başlanan Skype, öz wagtynda wideo jañlar we hat-habar alyşmak boýunça öñdebaryjy hasaplanylýardy. Emma wagtyñ geçmegi bilen, onuñ meşhurlygy ep-esli derejede peseldi. 2016-njy ýylda işjeñ ulanyjylaryñ sany 300 mln ýetýärdi, emma 2023-nji ýyla çenli bu san 36 mln çenli azaldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026