HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropanyň öňdebaryjy teleýaýlymy Türkmenistan bilen media hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildirýär

Fewral 28, 2025 | 02:40 |6778
27-nji fewralda, penşenbe güni, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada ilkinji gezek sapar bilen gelen “Euronews” telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy27-nji fewralda, penşenbe güni, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada ilkinji gezek sapar bilen gelen “Euronews” telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy
Çeşme: euronews.com

27-nji fewralda, penşenbe güni, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada ilkinji gezek sapar bilen gelen “Euronews” telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy.

Öňdebaryjy tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanyp, depginli ösýän habar beriş ulgamynyň giň köpçülige ýetirýän täsirini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow “Euronews” bilen bilelikde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjiligi, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, ynanyşmagy ündeýän başlangyçlaryny dünýä ýaýmak ugrunda işleri giňeltmäge ýurdumyzyň taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, “Euronews” telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi nygtaldy.

“Euronews” teleýaýlymy 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny, 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, we Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini, şeýle hem 2018-nji ýylda geçirilen “Amul — Hazar” halkara awtorallisini we 2019-njy ýylda “Аwaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyny şöhlelendirdi.

Şu ýyl ähli döwletlerini, halkara guramalary parahatçylygy, dostlugy, özara hormat goýmagy, ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu maksatlary giň köpçülige ýetirmek işiniň “Euronews” ýaly meşhur we iri köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň goldawy bilen mümkin boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Pedro Wargas Dawid öz gezeginde kompaniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Garaşsyz, Bitarap döwletiň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugry, dürli ulgamlarda ýetýän belent sepgitleri, baý medeni mirasy, gözel tebigaty dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýändigini belledi.

2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk gazanyldy we “Euronews” telekompaniýasy ýylyň dowamynda ýurdumyz barada wideoşekilleri teleýaýlymynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleri geljekde-de dowam etdirmegiň wajypdygy, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamany hödürledi. Bu resminama 86 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi. Munuň örän möhüm ädim bolandygyny, sebäbi häzirki wagtda bolup geçýän wakalaryň çäginde birek-birege hormat goýmak esasynda dialogyň parahatçylyga we durnuklylyga goşant goşýandygy äşgärdir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistan milli we halkara derejede dürli syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ähmiýetli çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär. Olaryň arasynda dünýä Liderleriniň gatnaşmagynda 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara forum, esasy çäreleriň biri bolar.

Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda maglumat we habar beriş işine aýratyn üns çekilýändigini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we teleýaýlymyň internet-çeşmelerini ulanmak arkaly tematiki çäreleri we dialog meýdançalaryny “Euronews” bilen hem guramagy teklip etdi.

Ýaş türkmen žurnalistleriň, bu ugurda bilim alýan talyplaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda “Euronews” bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça tekliplere garamaga taýýardygyny tassyklady.

“Euronews” telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny aýtdy. Pedro Wargas Dawid “Euronews”-iň media ulgamynda özara tejribe alyşmaga, tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilikleri döretýän ýörite akademiýasynyň bardygyny nygtady.

“Euronews” telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Türkmenistana eden saparyndaky täsirleri bilen paýlaşyp, behişdi ahalteke bedewleri we Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görmegi özünde uly täsir galdyrandygyny aýdyp, türkmen halkynyň döreden bu ajaýyp sungatyny, däp-dessurlaryny metbugatda giňden wagyz etmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026