HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

Fewral 27, 2025 | 22:50 |7904
27-nji fewralda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow bilen Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti Antonella Bassaniniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Bütindünýä bankynyň sebit direktorlary we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri hem gatnaşdy27-nji fewralda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow bilen Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti Antonella Bassaniniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Bütindünýä bankynyň sebit direktorlary we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri hem gatnaşdy
Çeşme: orient.tm

27-nji fewralda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow bilen Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti Antonella Bassaniniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Bütindünýä bankynyň sebit direktorlary we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Duşuşygyň mowzugy Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary boldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda taraplar bilelikdäki taslamalary ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurlarda durmuşa geçirmek üçin mundan beýläkki ädimleri beýan etdiler.

27022025-v-minfinekonomiki-turkmenistana-vstrecha-s-vice-prezidentom-vsemirnogo-banka (3).JPG

Bütindünýä banky, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we strategiki maksatlara ýetmek üçin ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak ugrundaky tagallalarynda Türkmenistany goldamaga taýýardygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Bütindünýä banky bilen üstünlikli hyzmatdaşlygyň ýurduň uzak möhletleýin maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm görkeziji bolup durýandygyny belläp, durnukly we inklýuziw ösüşi üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de has-da berkitmäge bolan islegini tassyklady diýip, Maliýe we ykdysadyýet ministriliginde habar berildi.

27022025-v-minfinekonomiki-turkmenistana-vstrecha-s-vice-prezidentom-vsemirnogo-banka (1).JPG

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026