HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Halkara zähmet guramasy 2025-nji ýyldaky umumy maksatlar barada ylalaşdylar

Fewral 27, 2025 | 21:10 |7088
27-nji fewralda, penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, sebitleýin direktory Beate Andres bilen duşuşdy27-nji fewralda, penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, sebitleýin direktory Beate Andres bilen duşuşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

27-nji fewralda, penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, sebitleýin direktory Beate Andres bilen duşuşdy.

DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilişi ýaly, şöhbetdeşler BMG tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan eden şu ýyl üçin özara hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki çäreleriň meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Adamlaryň arasynda parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi goldamaklygyň, durmuşyň ähli ugurlaryna gönüden-göni täsir edýändigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler “2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki işleriň Ýol kartasyna” laýyklykda geçen ýylda geçirilen işleriň netijelerini gözden geçirdiler we şu ýyl üçin Türkmenistan hökümeti bilen HZG-nyň arasyndaky esasy ugurlary kesgitlediler. Türkmen tarapy, HZG-nyň bilermenleriniň gatnaşmagynda degişli okuw-maslahatlaryny geçirmek boýunça işleri ýola goýmaklygy teklip etdi.

27022025-turkmenistan-International Labour Organization (2).jpg

HZG-nyň konwensiýalaryna goşulmak bilen Türkmenistanyň hukuk binýadyny berkitmek we öňde boljak çärelere, hususan-da 2025-nji ýylyň iýun aýynda Ženewada geçiriljek Halkara zähmet maslahatyna taýýarlyk meselesine aýratyn üns berildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026