HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Euronews” Türkmenistanda habarçylaryny akkreditirlemegi we geljekde habarçylar nokadyny açmagy meýilleşdirýär

Fewral 27, 2025 | 20:15 |6807
Duşuşykda taraplar dünýäde köp dilli maglumat beriji teleýaýlymlaryň arasynda öňdebaryjylaryň biri bolan “Euronews” bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellemek bilen, gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalary beýan etdilerDuşuşykda taraplar dünýäde köp dilli maglumat beriji teleýaýlymlaryň arasynda öňdebaryjylaryň biri bolan “Euronews” bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellemek bilen, gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalary beýan etdiler
Çeşme: mfa.gov.tm

Duşuşykda taraplar dünýäde köp dilli maglumat beriji teleýaýlymlaryň arasynda öňdebaryjylaryň biri bolan “Euronews” bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellemek bilen, gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalary beýan etdiler.

Hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, şol sanda Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk ýaly ugurlardaky ösüşleri, durnukly ösüş, ekologiýa, ulag we ýaşyl energetika ulgamlaryndaky mümkinçilikleri barada giň köpçüligiň habarlylygyny ýokarlandyrmak ýaly ugurlara garaldy diýip, DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

BMG-iň Baş Assambleýasynyň kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ähmiýetli çärelere aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

27022025-euronews-v-turkmenistane (2).jpg

Taraplar türkmen žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de “Euronews” bilen ýerli teleýaýlymlaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli resminamalary işläp düzmek arkaly özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler “Euronews”-iň habarçylaryny Türkmenistanda akkreditasiýa etmek we soňlugy bilen Aşgabatda habarçylar nokadyny açmak mümkinçiliklerine garadylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanly mekdep okuwçysy «Beýik siwilizasiýa» atly halkara esse bäsleşiginde 500 ABŞ dollary möçberinde baýrak gazandy

Türkmenistanly mekdep okuwçysy «Beýik siwilizasiýa» atly halkara esse bäsleşiginde 500 ABŞ dollary möçberinde baýrak gazandy

21:07 Oktýabr 01, 2026
Si Szinpin we Hytaýyň beýleki ýolbaşçylary Týananmen meýdançasynda wepat bolan milli gahrymanlaryň hatyrasyny bellediler

Si Szinpin we Hytaýyň beýleki ýolbaşçylary Týananmen meýdançasynda wepat bolan milli gahrymanlaryň hatyrasyny bellediler

20:00 Oktýabr 01, 2026
«Türkmennebit» DK: Hazar deňziniň türkmen bölegi maýadarlara çeýe şertnamalary we salgyt ýeňilliklerini hödürleýär

«Türkmennebit» DK: Hazar deňziniň türkmen bölegi maýadarlara çeýe şertnamalary we salgyt ýeňilliklerini hödürleýär

18:21 Oktýabr 01, 2026