HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Oppo kompaniýasy dünýäniñ iñ inçe eplenilýän smartfony bilen tanyşdyrdy

Fewral 26, 2025 | 16:30 |5850
Hytaýyñ Oppo kompaniýasy dünýäniñ iñ inçe täze Find N5 eplenilýän smatrfony bilen tanyşdyrdy.Hytaýyñ Oppo kompaniýasy dünýäniñ iñ inçe täze Find N5 eplenilýän smatrfony bilen tanyşdyrdy.
Çeşme: 3dnews.ru

Hytaýyñ Oppo kompaniýasy dünýäniñ iñ inçe täze Find N5 eplenilýän smatrfony bilen tanyşdyrdy.

Açyk ýagdaýynda onuñ galyñlygy bary-ýogy 4,21 mm deñ. Bu hem USB Type-C razýom ölçeginden az-owlak geçýär. Eplenilen ýagdaýynda enjamyñ galyñlygy 8,93 mm çenli ulalýar. Bu sebäpli hem Find N5 modeli bazaryñ öñki lideri bolan Honor Magic V3 modelinden has ýukadyr. Honor Magic V3 enjamyñ açyk görnüşindäki galyñlygy 4,35 mm, eplenilende bolsa 9,3 mm deñdir. Şeýle üstünligiñ esasy sebäbi täze Titanium Flexion Hinge titan şarnir guralydyr. Ol Find N3 modeliñkiden 26 % kiçidir. Şol bir wagtyñ özünde ol uly berkligi üpjün edýär. Mundan başga-da, Oppo 3D çap panelleri we uglerod materiallary ulandy. Bu hem enjamyñ agramyny 229 g çenli azaltmaga mümkinçilik berdi.

Şeýle hem, Oppo Find N5 modeli IPX6, IPX8 we IPX9 suw geçirmezlik derejelerine eýe bolan ilkinji eplenilýän smartfon boldy. Enjam basyşly gyzgyn suw akymyny we gysga möhletleýin suwa çümdürilmegine garşy çydamlydyr. Smartfonyñ çarçuwasy aýra berkligi we uzak ömürliligi bilen tapawutlanýan 7000 tapgyrly alýuminiýden ýasalan.

Oppo Find N5 modeli 28-nji fewralda satuwa çykarylar hem-de korpusynyñ gara, ak we benewşe reñk görnüşlerinde elýeterli bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026