HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňledirýärler

Fewral 26, 2025 | 11:20 |4677
2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim guramasynyň başlygy Erol Özwar bilen duşuşdy, diýip ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim guramasynyň başlygy Erol Özwar bilen duşuşdy, diýip ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.
Çeşme: statusproperty.ru

2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim guramasynyň başlygy Erol Özwar bilen duşuşdy, diýip ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Taraplar iki ýurduň ýokary bilim berýän bilim ojaklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ýokary derejä çykarmagyň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatyna laýyklykda, ýurtda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar bilim işine giňden ornaşdyrylýandygyny belledi.

Şu nukdaýnazardan, Türkiýe Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen bilim, ylym babatda tejribe alyşmagyň ýaş nesillerimiziň ökde hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam etjekdigi barada nygtaldy.

Maslahatyň çäklerinde Türkiýe Respublikasyndaky ÖSYM-iň (Ölçemek, saýlap-seçmek, ýerleşdirmek merkeziniň) tejribesini öwrenmekde tagallalary birleşdirmegiň, Türkiýe Respublikasynyň «Çanakkale Onsekiz Mart» uniwersiteti bilen bilelikde «Daşky gurşaw dostlugy okuw moduly» atly taslamany durmuşa geçirmegiň zerurdygy barada aýdyldy. Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Türkiýe Respublikasynyň Sosial bilimleri uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek meselesini işjeňleşdirmek, Türkiýe Respublikasynda bilim alýan Türkmenistanly ýaşlaryň okaýan hünär ugurlary, olaryň okuwlaryna ýetişikleri, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim guramasy tarapyndan Türkmenistanyň raýatlary üçin talyp ýerlerini bermek, iki döwletiň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän IT merkezleriniň hem-de tehnologiýalar parklarynyň toplan iş tejribelerini öwrenmek baradaky teklipler goldanyldy.

Erol Özwar iki doganlyk halkyň ýokary bilim ulgamyndaky başlangyçlaryny hem-dehyzmatdaşlygyny doly goldaýandygyny, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýokary derejede hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga uly isleg bildirýändigini belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026