HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Syýahatçylyk, ykdysadyýet we medeniýet: Euronews bilen Türkmenistan özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini gözleýär

Fewral 19, 2025 | 07:05 |5916
18-nji fewralda, Ýewropanyň iň uly köpçilikleýin habar beriş serişdesi bolan Euronews teleýaýlymynyň Brýusseldäki ofisinde, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Euronews-iň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid duşuşdy18-nji fewralda, Ýewropanyň iň uly köpçilikleýin habar beriş serişdesi bolan Euronews teleýaýlymynyň Brýusseldäki ofisinde, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Euronews-iň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid duşuşdy
Çeşme: Belgiýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

18-nji fewralda, Ýewropanyň iň uly köpçilikleýin habar beriş serişdesi bolan Euronews teleýaýlymynyň Brýusseldäki ofisinde, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Euronews-iň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid duşuşdy.

Türkmen diplomaty Türkmenistanyň media diplomatiýasy barada gürrüň berip, ýurduň halkara media giňişligindäki ornuny we habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady. Şeýle hem, Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini belledi. Ilçi, Türkmenistanyň sebitleýin durnuklylyga goşýan goşandyny, ilçihana tarapyndan yzygiderli guralýan metbugat brifinglerini hem-de Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini aýratyn belledi.

19022025-euronews-turkmenistan-i (1).jpg

Öz gezeginde, Euronews-yň başlygy, kompaniýany Ýewropanyň öňdebaryjy mediaplatformasy hökmünde häsiýetlendirip, onuň 19 dilde 1,2 milliard adamlyk tomaşaçylar köpçüligini öz içine alýandygyny aýtdy. Şeýle hem, 24 sagatlap işleýän ýewropaly habar teleýaýlymynyň web sahypasyna we ykjam goşundysyna her aýda ortaça 29 million özboluşly ulanyjynyň girýändigini belläp geçdi.

Pedro Wargas Dawid Türkmenistana sapar etmek we ýerli metbugat serişdeleri, şeýle hem media bilen baglanyşykly döwlet edaralary bilen gatnaşyklary ýola goýmak niýetini beýan etdi. Şeýle hem, ýurduň medeniýeti bilen tanyşmak isleýändigini belledi. Ol Euronews-yň bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny we Merkezi Aziýa bilen baglanyşykly habarlaryň obýektiw we bitarap esasda taýýarlanylýandygyny nygtady. Şeýle hem, sebitiň söwda merkezi we ulag geçelgesi hökmünde ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Euronews bilen Türkmenistanyň arasynda mümkin bolan hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, syýahatçylygy, ykdysady ösüşi, medeni alyş-çalşy we möhüm wakalaryň şöhlelendirilmegini giňeltmek boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Euronews, Türkmenistany öz platformasynda has giňişleýin görkezmek islegini beýan edip, hyzmatdaşlygyň dürli görnüşlerini, şol sanda brendleşdirilen wideolar we mahabat bilen işleşmek teklibini hödürledi.

Mundan başga-da, Euronews, Türkmenistany öz işjeň gepleşik maksatnamalaryna goşmaga taýýardygyny mälim etdi. Bu programmalar hatarynda syýahatçylyk gepleşikleri ("Explore"), medeniýet we sungat baradaky gepleşikler ("Cult"), ýerli ilat bilen söhbetdeşlikler ("Meet the Locals") bar.

Duşuşygyň ahyrynda, taraplar özara hyzmatdaşlygy ösdürmek we Türkmenistany Euronews platformasynda has giňden şöhlelendirmek üçin täze mümkinçilikleri öwrenmek barada öz isleglerini tassykladylar.

Euronews, ýokary derejeli tomaşaçylar bilen işlemäge ýöriteleşdirilen teleýaýlymdyr. Onuň tomaşaçylarynyň hatarynda dünýä liderleri, syýasatçylar we Ýewropanyň hem-de dünýäniň geljegini kesgitleýän ýolbaşçylar bar.

19022025-euronews-turkmenistan-i (2).jpg

Pedro Wargas Dawidiň sözlerine görä, merkezi habar redaksiýasynyň Belgiýanyň paýtagtyna göçürilmeginden soň, Euronews “Brýusselde bolup geçýän wakalaryň merkezinde Ýewropa meselelerini giňden beýan edýän iň uly teleýaýlyma” öwrüldi.

Şeýle hem, Euronews-yň Astana, Baku we Daşkent şäherlerinde ofisleriniň açylmagyny bellemek möhümdir. Bu ofisler Dohada hereket edýän redaksiýa bilen bilelikde işläp, teleýaýlymyň Ýakyn Gündogar, Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitlerindäki gatnaşygyny has-da giňelder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Brýusselde ÝUNISEF-niň «Generation 2050 in Central Asia» atly hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçiriler

Brýusselde ÝUNISEF-niň «Generation 2050 in Central Asia» atly hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçiriler

22:59 Iýul 13, 2026
100 ýaşly Dewid Attenboro «Emmi» baýragynyň taryhynda absolýut rekord goýdy

100 ýaşly Dewid Attenboro «Emmi» baýragynyň taryhynda absolýut rekord goýdy

21:10 Iýul 13, 2026
Yssyny ýeňip geçmegiň ýoly: Türkiýe tomusky dynç alyş üçin serginlediji täze mümkinçilikleri hödürleýär

Yssyny ýeňip geçmegiň ýoly: Türkiýe tomusky dynç alyş üçin serginlediji täze mümkinçilikleri hödürleýär

20:25 Iýul 13, 2026