HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ilçisi Gazagystanyň döwlet dolandyryş Akademiýasynda bitaraplyk barada çykyş etdi

Fewral 19, 2025 | 06:55 |5617
Astanadaky Türkmenistanyň ilçisi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet dolandyryş Akademiýasynda leksiýa bilen çykyş etdiAstanadaky Türkmenistanyň ilçisi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet dolandyryş Akademiýasynda leksiýa bilen çykyş etdi
Çeşme: kazakhstan.tmembassy.gov.tm

Astanadaky Türkmenistanyň ilçisi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet dolandyryş Akademiýasynda leksiýa bilen çykyş etdi.

Leksiýa akademiýanyň diňleýjileri, magistrantlary, aspirantlary, professor-mugallymlary hem-de diplomatik korpusyň wekilleri gatnaşdy. Onda giň mowzuklar, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly barada gürrüň edildi.

Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň BMG-niň esasy gymmatlyklaryna we maksatlaryna doly laýyk gelýändigini we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan umumy gymmatlyk hökmünde ykrar edilendigini belledi.

Türkmen diplomatik wekiliýetiň ýolbaşçysy türkmen-gazak gatnaşyklary barada hem giňişleýin durup geçdi. Ol dostluk, goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk esasynda özara ynam we düşünişmek ruhunda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň milli liderler tarapyndan esaslandyrylandygyny nygtady. Şeýle hem, diňleýjileriň ünsüni dünýäniň durnukly ösüşinde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň ähmiýetine çekdi.

Leksiýadan soň, diňleýjiler bilen «sorag-jogap» görnüşinde interaktiw pikir alyşma geçirildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026