HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen telekeçileri Germaniýada “akylly” oba hojalyk boýunça okuwlara gatnaşyp bilerler

Fewral 17, 2025 | 15:00 |5399
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we klimaty goramak federal ministrligi bilen bilelikde “Germaniýa bilen işewürlikde hyzmatdaşlyk” (Partnering in Business with Germany) maksatnamasyna gatnaşmak üçin döwlet däl böleginden dalaşgärleri saýlap alma barada yglan etdi.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we klimaty goramak federal ministrligi bilen bilelikde “Germaniýa bilen işewürlikde hyzmatdaşlyk” (Partnering in Business with Germany) maksatnamasyna gatnaşmak üçin döwlet däl böleginden dalaşgärleri saýlap alma barada yglan etdi.
Çeşme: leader-id.storage.yandexcloud

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we klimaty goramak federal ministrligi bilen bilelikde “Germaniýa bilen işewürlikde hyzmatdaşlyk” (Partnering in Business with Germany) maksatnamasyna gatnaşmak üçin döwlet däl böleginden dalaşgärleri saýlap alma barada yglan etdi.

2025-nji ýylda okuwlar “Akylly oba hojalygy we azyk senagaty” halkara toparda geçiriler.

Maksatnama onlaýn-görnüşinde okuwlary hem-de Germaniýada üç hepdelik iş tejribeçiligini öz içine alýar. Oba hojalyk we azyk senagaty ugurlary boýunça türkmen we german telekeçileriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen taslamany hödürlän gatnaşyjylar okuwlara gatnaşmak mümkinçiligini alarlar.

Arzalar 2025-nji ýylyň 12-nji martyna çenli Türkmenisatnyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde kabul edilýär.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

  • Ýokary bilimi bolmaly;
  • Ýuridiki şahsyň, onuň düzümleýin böleginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi derejesi bolmaly (Aşgabat, Arkadag, welaýatlar);
  • 5 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolmaly, onuň 2 ýyly ýolbaşçy wezipesinde bolmaly;
  • Iňlis we rus dillerini bilmeli.

Goşmaça maglumatlar we gerekli resminamalaryň sanawy www.fineconomic.gov.tmsaýtynda elýeterlidir. Soraglar bilen (+99312) 39-43-55 telefon belgisi boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026