HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Germaniýadaky işewürlik-okuwlaryna dalaşgärleri saýlap alma yglan edildi

Fewral 17, 2025 | 11:15 |6733
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we klimaty goramak federal ministrligi bilen bilelikde “Germaniýa bilen işewürlikde hyzmatdaşlyk”  maksatnamasyna gatnaşmak üçin döwlet däl böleginden dalaşgärleri saýlap alma barada yglan etdi.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we klimaty goramak federal ministrligi bilen bilelikde “Germaniýa bilen işewürlikde hyzmatdaşlyk”  maksatnamasyna gatnaşmak üçin döwlet däl böleginden dalaşgärleri saýlap alma barada yglan etdi.
Çeşme: inbusiness.kz

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we klimaty goramak federal ministrligi bilen bilelikde “Germaniýa bilen işewürlikde hyzmatdaşlyk” (Partnering in Business with Germany) maksatnamasyna gatnaşmak üçin döwlet däl böleginden dalaşgärleri saýlap alma barada yglan etdi.

Saýlap alma “Umumy ykdysady kooperasiýa” ugry boýunça 2025-nji ýylyň tapgyrynyň çäklerinde geçirilýär.

Arzalary kim tabşyryp biler? Maksatnama gatnaşmak üçin dalaşgärler aşakdaky talaplara laýyk gelmeli:

Ýokary bilimi bolmaly.

Telekeçi ýuridiki şahsyň, onuň düzümleýin böleginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat we Arkadag şäherlerinden ýa-da welaýatlardan).

5 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolmaly, onuň 2 ýyly ýolbaşçy wezipesinde bolmaly.

Iňlis we rus dillerini bilmeli.

Maksatnama gatnaşmaklyk näme artykmaçlyk berýär? Maksatnama Türkmenistanyň we Germaniýanyň telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen.

Onlaýn-görnüşinde okuwlary geçmek.

2025-nji ýylda Germaniýada üç hepdelik iş tejribeçiligini geçmek.

Arzalary nädip tabşrymaly? Resminamalary 2025-nji ýylyň 12-nji martyna çenli Türkmenisatnyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly. Goşmaça maglumatlary, şol sanda gerekli resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm saýtynda tapyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 39-43-55.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026